«Realme» ilkinji smart-telewizorlaryny hödürlemäge taýýarlaýar

  • 05.02.2020 21:30
  • 2.2k+

Internet çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Realme kompaniýasy bazara Internete birikdirmek mümkin bolan «akylly» telewizion panellerini çykarmaga taýýarlanýar.
Ýatladyp geçsek, Realme hytaý firmasy smartfonlary öndürýän belli kompaniýalaryň biri hasaplanylýar. Bu brend 2018-nji ýylyň maý aýynda resmi taýdan tanyşdyryldy.
Kompaniýanyň assortimentinden Realme X, Realme X Master Edition, Realme XT, Realme X50 5G ýaly mobil enjamlaryny belläp geçmek bolýar.
Realme kompaniýasynyň bazara «akylly» telewizorlary çykarmak boýunça meýilnamasy barada kompaniýanyň marketing boýunça müdiri (CMO) Frensis Wan gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, Realmeniň ilkinji smart-telewizorlary Ispaniýanyň Barselona şäherinde 24-27-nji fewral aralygynda geçiriljek mobil senagatynyň «Mobile World Congress (MWC) 2020» sergisinde görkeziler.
Taýýarlanylýan panelleriň tehniki häsiýetleri baradaky maglumatlar häzirki wagtda, gynansak-da, ýok. Ýöne onuň göwrümi diagonallygyna 40-50 dýuýmdan az bolmaz diýip çaklamak bolar.
Realmeniň smart-telewizorlary ösen bazarlaryň ählisinde elýeterli bolar. Onuň satuwyna, ähtimal, üstümizdäki ýarymýyllykda başlanar.

düýn 17:48
3.2k+

Samsung täze çipler, kameralar we IP68 goragy bilen Galaxy A37 we A57 modellerini hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A36 we A56 modelleriniň ýerini tutjak Galaxy A37 we A57 smartfonlaryny hödürledi. «GSMArena» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeller has çydamly korpusa, ýokary öndürijilige......

düýn 17:05
7.7k+

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

27.03.2026 11:41
3.9k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

27.03.2026 08:24
1.6k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....