Tiz depginli saz sport bilen meşgullanmaklygy ýeňilleşdirýär

  • 04.02.2020 23:51
  • 2.5k+

Italýan psihologlary we neýrofiziologlary tiz depginli sazlary diňlemegiň sport ýa-da fitnes bilen meşgullanmaklygy ýeňilleşdirýändigini tassyklaýan barlagy geçirdiler. Onuň netijesi «Frontiers in Psychology» žurnalynda neşir edildi.
«Biziň gözegçilimiz maşklary ýerine ýetirme wagtynda tiz depginli sazlary diňlän meýletinçileriň ýüreginiň çalt urandygyny, ýöne muňa garamazdan, olaryň hiç hili agyrlyk duýmaýandygyny görkezdi. Häzirlikçe, biz diňe sazyň tempini öwrendik, geljekde biz žanrlaryň, owazlaryň we lirikanyň türgenleriň çydamlylygyna nähili täsir edýändigini öwrenmegi göz öňünde tutýarys» – diýip, žurnalyň metbugat gullugy Weron uniwersitetiniň professorynyň sözüni getirýär.
Soňky wagtlarda psihologlaryň, biologlaryň we neýrofiziologlaryň arasynda fon gyjyndyryjylaryň, şol sanda rahatlandyryjy ýa-da agressiw sazlaryň adamlaryň özüni alyp barşyna, olaryň intellektual ukybyna, ünsüni jemlemek mümkinçiligine nähili täsir edýändigi baradaky sorag işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
2010-njy ýylyň başlarynda britan alymlary klassyk sazlaryň hirurglaryň operasiýa işlerini ýokary hilli geçirmäge, talyplaryň ýetişigini kämilleşdirmäge kömek edýändigi baradaky pikiri öňe sürdüler.
Italýan psihologlary tempi çalşyryp, birnäçe meşhur saz treklerini taýýarladylar. Eksperimente ýigrimi sany gyz gatnaşdy, olaryň ýarysy ylgaw ýolundan ýörediler, galanlary güýç trenažýorlarynda aýaklaryny hereket etdirdiler.
Olara gözegçilik etme, sazyň tizliginiň pulsa, şeýle-de, tejribä gatnaşýanlaryň psihologik ýagdaýyna ýokary derejede täsir edýändigini görkezdi. Tempi minutda 90-110 urga getiren haýal kompozisiýalar eksperimente gatnaşyjylaryň ýüregine az agram salyp, gatnaşyjylarda türgenleşik wagtynda minutda 170-190 urga getiren ýokary depginli sazlara garanda, ýakymsyz duýgulary ýüze çykardy.
Saz, anyklanylyşyna görä, güýç beriji maşklardan çydamlylyk türgenleşigine has güýçli täsir edýän eken. Ýokary depginli sazlar ylgaw wagtynda psihologik ýagdaýy 11%, güýç maşklary wagtynda bolsa 6,5 % gowulandyrmaga täsir etdi.
Psihologlar şeýle netijä geldiler, ýokary depginli sazlar sport bilen meşgullanmaklygy ýeňilleşdirýär. Agressiw sazlar bolsa, ünsüňi jemlemek hadysasynyň ýaramazlaşmagyna getirip bilýär, şeýle-de, intellektual ukyba negatiw täsir edip bilýär.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....