Microsoft uly maýyşgak displeýli gurluşy işläp taýýarlaýar

  • 03.02.2020 06:06
  • 2.2k+

Öň Microsoft iki sany bölek ekranyň bir sany maýyşgak ekrana garanda, has ygtybarly hasaplaýandygyny habar beripdi. Ýöne täze patent boýunça bu ägirt kompaniýa heniz hem uly eplenilýän displeýli gurluşy döretmek boýunça meýilnamalaryny çykarmagyny dowam etdirýär.
Patent 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda resmi taýdan bellige alyndy. Samsung Galaxy Fold we Huawei Mate X-den tapawutlylykda, bu gajet taraplary 16:9 gatnaşykda ýa-da şol töweregi bolan uzaldylan forma eýe bolar.
Gynansak-da, patentde täze taýýarlanylýan önümiň ady we ölçegi aýan edilenok, diňe «şarnirli birikdirme» barada habar berilýär. Şeýlelik bilen, bu Motorola Razr 2019 we Samsung kompaniýasynyň geljekki Galaxy Z Flip smartfonlarynyň stilinde eplenilýän-smartfon hem, şeýle-de uly planşet hem bolup biler, planşedi rahat götermek üçin eplemek hem bolar.
Belläp geçsek, Microsoft geçen ýylyň oktýabr aýynda Surface Neo we Surface Duo eplenilýän gurluşlaryny anons etdi, iki gajet hem biri-biri bilen şarnir arkaly birikdirilen iki ekran bilen üpjün edilen.

düýn 11:00
504

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...