Nemes kardiologlary infarktyň alamatlaryny aýtdylar

  • 02.02.2020 15:39
  • 10k+

Germaniýanyň kardiologlary ýürek bilen bagly meseleleriň bardygyny görkezýän we ýürek urgy howpy barada duýdurýan alamatlary sanap geçdiler. Hünärmenleriň aýdan zatlaryny «Focus» nemes neşiri getirýär.
Ekstrasistoliýa – aritmiýanyň bir görnüşi – günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalanyp, 30 sekunddan köp dowam edýän ýagdaýynda, lukmana ýüz tutmaly.
Başaýlanma wagtynda ýüze çykýan aritmiýa-da, kükregiň töwereginde agyry we ýakyp barma, şeýle-de, demgysma düýpli signallar bolup hyzmat edýär. Hiç hili sebäpsiz, meselem, fiziki işjeňlik bolmadyk ýagdaýynda puls çalt urup başlasa, lukmanyň gözegçiligine ýazylmaly.
Mundan başga-da, ýürek bilen bagly meseläniň bardygyny aýagyňda agyrynyň bolmagy hem görkezip bilýär. Ýörän wagtyňda baldyrda ýüze çykýan we saklananyňdan soň gowşaýan agyry duýgulary aýaklaryň damarlarynda aterosklerozyň bolmagynyň alamatydyr. Keseligine ýatan wagtyňda aýagyň barmaklarynyň töwereginde ýüze çykýan we ýeriňden galanyňdan soň aýrylýan agyra hem üns bermek gerek.
Grip bilen kesellän adamlar hem howp astynda bolup bilýär. Eger adam sagalandan soň hem öňküsi ýaly ysgynsyzlygy duýýan bolsa we adaty ýaşaýyş-durmuşyna dolanyp bilmeýän bolsa, onda bu ýüregiň ortaky myşsa gatlagynyň sowuklamasy – miokardit barada habar berýär.
Dekabrda alymlar çili burçunyň yzygiderli kabul edilmeginiň ýürek-damar kesellerinden ýogalmak howpuny peseldýändigi baradaky netijä geldiler.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....