«What car?» britan neşiriniň awtoekspertleri ýewropa bazaryndaky benzini has tygşytlaýjy awtomobilleri atlandyrdylar. Awtomobiliň benzin tygşytlaýjylygy hereketlendirijisine garaşsyzlykda ulag serişdesini saýlan wagtyň göz öňünde tutmaly esasy faktorlaryň biri hasaplanylýar.
Reýtingi 0,9-litr TCe hereketlendirijisiniň benzini sarp edijiligi 100 km ýola 4,45 l bolan Rumyniýanyň Dacia Sandero awtomobili açýar. Dokuzynjy setirde 1,0 hereketlendirijili Seat Leon awtomobiliniň ozalky önümi ýerleşdi, ol 100 km ýola 4,43 litr benzin sarp edýär. Ýatladyp geçsek, ýaňy-ýakynda ispan awtoöndürijisi modeliň täze neslini hödürledi.
Sekizinji we ýedinji orny 1,0 litr göwrümli güýçli gurluşly Kia Picanto we Volkswagen Up awtomobilleri eýeledi. Koreý awtomobiliniň benzin sarp edijiligi 100 km-e 4,41 litre, nemes awtomobiliniňki 4,38 litre deň. Altynjy orunda 1,0 litr göwrümli kuwwatlylygy 95 a.g bolan TSI turbomotorly Seat Ibiza ýerleşdi – modeliň benzin sarp edijiligi 100 km ýola 4,35 litr.
Liderleriň bäşligini 100 km ýola 4,26 litr benzin sarp edýän 1,0 litr hereketlendirijili Suzuki Baleno açýar. Şeýle sarp edijilik litrli güýçli gurluşa eýe bolan Skoda Citigo awtomobilinde hem hasaba alyndy. Ýöne şeýle modeller häzir diňe ikinji derejeli bazarlarda elýeterli, çünki öndüriji özüniň awtomobillerini elektrokarlar bilen çalşyrdy.
Üçünji orun 75 a.g kuwwatlykly 1,0 litr motorly Volkswagen Up awtomobiline degişli boldy. Awtomobiliň benzin sarp edijiligi – 4,21 l. Ikinji setirde Suzuki Celerio (hereketlendiriji 1,0 litr) ýerleşdi, modeliň benzin sarp edijiligi 4,07 litre barabar. Britan reýtinginiň lideri Suzuki Ignis (hereketlendiriji 1,2 litr SHVS) boldy. Bu gibrid 100 km ýola 3,95 litr benzini sarp etmäge mümkinçilik berýär.
Bilermenler benzini has tygşytlaýan awtomobilleri atlandyrdylar
- 02.02.2020 15:27
- 4.5k+