Glamos: täze gajet howada taçpady amala aşyrmaga mümkinçilik berer

  • 01.02.2020 22:47
  • 3k+

Eliň hereketi bilen telewizory dolandyrmaga mümkinçilik berýän kiçi Glamos gutusy döredildi.
Gajet ykjam korpusly kiçijik lidardan ybarat — ol bir metr radiusda «duýgur zolagy» döredýär. Şu zolakda eliňi galgatmak arkaly telewizory, kompýuteri ýa-da beýleki islendik gajetleri dolandyrmak bolýar.
Gajetleri dolandyrmak üçin elleriňi hereketlendirmek gerek — bu noutbukdaky sensor panelini dolandyranyň ýaly. Meselem, eliňi ýokary ýa-da aşak galgatmak bilen menýudaky punktlara geçirmek bolýar, barmagyňy howada basmak bolsa tassyklama görnüşinde işleýär. Şol bir wagtda iki eliň bilen ýa-da barmaklaryň bilen aýratynlykda işlemek hem bolýar.
Glamos oýunlara hem hereketler arkaly dolandyrmany girizmekçi bolýar. Meselem, Fruit Ninja oýnunda miweleri smartfonuň ekranynda barmaklaryňy ýöretmek bilen däl-de, telewizoryň öňünde eliňi hereketlendirmek bilen kesmek mümkin bolar.
Aslynda, Glamos wideooýunlara niýetlenilen Xbox konsolynyň Kinect datçigine has amatly alternatiwa bolar.

düýn 23:52
2.2k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...