Hytaýda koronawirusyň «pese düşjek» senesi atlandyryldy

  • 30.01.2020 23:06
  • 14k+

HHR-nyň hökümeti koronawirus ýaýrawynyň martyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşýar.
Hytaýyň kesellere gözegçilik etmek we olaryň öňüni almak boýunça Merkeziniň baş epidemiology Szen Guan, takmynan, fewral aýynyň 8-ine koronawirusa garşy göreş boýunça hereket çäreleriniň görkezilip başlanjakdygyny we şundan soň keseliň pese düşmegine garaşyljakdygyny mälim etdi. Bu barada TASS habar berýär.
«Keseliň inkubasion döwri bar, eger-de Uhanda karantiniň girizilen wagtyndan, ýagny, ýanwar aýynyň 23-inden hasaba alsak, onda fewral aýynyň 8-ine netijeleri aýdyň görmek bolar» – diýip, epidemiolog aýdýar.
Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda koronawirus zerarly 170 adamyň ýogalandygy hasaba alyndy. Bu kesel bilen kesellänleriň sany 7,7 müňden geçdi.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....