Inženerler guşagy goşmaça ekranly «akylly» sagat döretdiler

  • 29.01.2020 23:06
  • 4.3k+

Germaniýanyň inženerleri guşagynda goşmaça ekran ýerleşdirilen «akylly» sagatlaryň işleýän prototipini taýýarladylar. Şeýle usul bilen ony işläp düzüjiler interfeýs giňişligini giňeltmek isleýärler.
Aslynda, inženerler smart-sagatlaryň uly göwrümli informasiýalary ýerleşdirip bolmaýan kiçi ölçegli displeýler bilen bagly meselesini çözmäge girişdiler. Eger şeýle ekran sensorly bolsa, onda ondan peýdalanmak ýeterlik derejede amatly hem däl.
Drezden tehniki uniwersitetiň inženerleriniň prototipi üçin esas bolup Samsung sagatlary hyzmat etdi. Olar bu sagatlardan adaty guşagy aýryp, onuň deregine özleriniň döreden elektron syýadaky ýa-da OLED-matrisadaky ekranly guşaklaryny dakdylar.
Şeýle-de, ony taslanlar sagatlary daşky kompýuter arkaly dolandyrar ýaly Arduino-mikrokontrolleri ulandylar. Inženerler prototipi meýletinçilere görkezdiler, meýletinçiler konsepsiýadan ýeňillik bilen baş çykardylar. Ýöne olar görejiňi hemişe ekranlaryň arasynda eýläk-beýläk gezdirmegiň ulanyşy biraz gowşadýandygyny bellediler.

düýn 17:48
3.3k+

Samsung täze çipler, kameralar we IP68 goragy bilen Galaxy A37 we A57 modellerini hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A36 we A56 modelleriniň ýerini tutjak Galaxy A37 we A57 smartfonlaryny hödürledi. «GSMArena» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeller has çydamly korpusa, ýokary öndürijilige......

düýn 17:05
7.7k+

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

27.03.2026 11:41
3.9k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

27.03.2026 08:24
1.6k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....