Koronawirus zerarly Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýa gitmekden saklanmak maslahat berilýär

  • 29.01.2020 22:57
  • 14k+

Türkmenistanyň çägine koronawirusyň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen ýurduň hökümeti türkmen raýatlaryna Hytaý Halk Respublikasyna gitmekden saklanmagy maslahat berýär. HHR gitmekden saklanmaklyk, heniz ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly dartgynlyk tamamlanýança maslahat berilýär, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanda koronawirus zerarly dörän pnewmoniýa keseli bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykarylmady. «Türkmenhowaýollary» agentligi her hepdede iki gezek Hytaýa howa gatnawyny amala aşyrýar.
Öň, biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurduň çägini ýokanç kesellerden goramak, onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görýän çäreleri barada habar beripdik.
Euronews agentliginiň habar berşi ýaly, koronawirus zerarly dörän pnewmoniýa zerarly Hytaýda eýýäm 130-dan gowrak adam aradan çykdy; kesellänleriň sany 6 müňe golaýlaýar.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....