Eger gazly suwdan ýüz öwürsek, organizme nähili täsir eder?

  • 26.01.2020 21:21
  • 11k+

Hiç hili şübhesiz, her bir häzirki zaman adamsy ömründe, iň bolmanda, ýekeje gezek bolsa-da, gazly suw içendir. Köp ýagdaýlarda, birinjiden soň ikinji, ondan soň üçünji we şeýle dowam edip gidýär. Bu köp ýyllara çenli uzap gidip bilýär. Ýöne hemmeler biragyzdan bu içgileriň adam organizmi üçin zyýanlydygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, adamlar ony içýärler, sebäbi başga bir adamlar näme üçindir ony öndürýärler. Eger-de bu zyýanly endigi taşlasaň, onda organizmiň saglygyny dikeltmek ýeňil bolýar. Siz organizmiňiziň başgaça bolýandygyna göz ýetirip bilersiňiz.
Hemme mesele gazly suwda şekeriň köp mukdarynyň saklanmagydyr. Hut şonuň üçin, dil şekeriň şeýle mukdaryna öwrenişýär we özüniň tagam biliş reseptorlaryny gowşadýar. Şeýle zyýanly içgilerden birnäçe hepde ýüz öwürseňiz, siz şol bir iýmitiň öz tagamyny üýtgedýändigini bilersiňiz. Bu diliň üstündäki dügürjikleriň has duýgur bolýandygy we hiç hili kynçylyksyz islendik tagamy bolşy ýaly kabul edip bilýändigi bilen şertlendirilendir.
Gazly suwuň düzümindäki şeker diňe bir adamyň duýgy organlaryna we tagam biliş reseptorlaryna zyýan ýetirmeýär. Süýji önümlerden adamyň semräp bilýändigi hiç kim üçin gizlin däl. Bu ýerde-de ähli mesele undan taýýarlanylýan önümlerde we süýjülerde däl. Ähli mesele diňe şekerde, çünki onuň kaloriýasy diýseň ýokary. Eger-de siz gazly suwdan ýüz öwürseňiz, figuraňyzyň has görnükli keşbe eýe bolýandygyny bilersiňiz. Dişleriňiz we süňkleriňiz berk bolar. Bilermenler eksperiment geçirdi. Gaçan dişi kola galyndyly çüýşä taşladylar. 2 gün geçenden soň, ony barladylar. Kolany dökenimizde ol ýerde hiç hili diş ýokdy. Indi bolsa, biz bu içgileri günde içen ýagdaýymyzda, onda biziň dişlerimiziň we süňklerimiziň nähili bolýandygyny göz öňüne getirip görüň.
Eger-de siz gazly suwlardan ýüz öwürseňiz, böwrekleriňiz size «minnetdar bolar». Sebäbi hut olar bu içgilerde saklanýan Mendeleýewiň ähli tablisasyny süzgüçden geçirýärler.
Eger-de siz hemişe migrenden ejir çekýän bolsaňyz, munuň gazly suwuň köpürjikleriniň zyýanly täsiriniň netijesinde bolmagy gaty mümkin. Ony içmegiňizi bes etdigiňiz, siz hemişe we sebäpsiz ýüze çykýan migreniň ýitip gidýändigine göz ýetirersiňiz.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....