Türkmenistanda awtomobil jerimeleriniň onlaýn-tölegi ýola goýuldy

  • 25.01.2020 14:35
  • 18k+

Türkmenistanda awtomobil jerimelerini onlaýn tölemäge mümkinçilik berýän mobil programma işe girizildi. Bu resmi serwis Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan bellenilýän jerimeleri plastik bank kartlarynyň üsti bilen tölemek üçin döredildi, diýip Orient habar berýär.
Awtosürüjiler üçin bu hyzmatyň esasy artykmaçlyklary — maglumatlary gözlemegiň ýönekeý usulyny hödürleýändiginden we öz jerimäňi öýüňden (ýa-da awtoulagyňdan) düşmän tölemek mümkinçiliginiň bardygyndan ybaratdyr.
Ilki bilen, degişli formany doldurmaly, ol ýerde kararyň belgisini, ulag serişdesiniň hasaba alyş belgisini, jogapkärçilige çekilen şahsyň adyny we familiýasyny, mobil telefonynyň belgisini, şeýle hem bellenilen jerimäniň möçberini görkezmeli. Soňra töleg sahypasyna geçmeli hem-de bank kartyň rekwizitlerini görkezmeli.
Töleg amala aşyrylan badyna görkezilen mobil telefon belgä jerimäniň tölegini edilendigi barada SMS habarnama geler.
Kart maglumatlarynyň ogurlanmak howpy ýokdur. Çünki, töleg geçen badyna öňki girizlen şahsy maglumatlaryň ählisi awtomatik ýagdaýda ýok ediler.
Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylda Türkmenistanda eýýäm jerimeleri tölemegiň ýeňilleşdirilen usuly işe girizilipdi. Şonda ýol gözegçilik gulluklarynyň işgärlerine elektron terminallar berildi.
«P.Ý.G.G.» mobil programmany şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....