Psiholog ýady kämilleşdirmäge kömek etjek ýönekeý usullary aýtdy

  • 23.01.2020 21:05
  • 5.5k+

Eger-de siz ýadyňyzy kämilleşdirmek isleseňiz, hünärmeniň indiki maslahatlaryna üns beriň:
1. Uky üçin gerek bolan wagt möçberini hökman bölüp aýryň. Eger-de günüň dowamynda 7-8 sagatdan az ýatylsa, bu organizmiň tutuş ýagdaýyna, saglyga we daşky keşbe negatiw täsir eder. Ukusyz gijelerden soň konsentrasiýa, üns düýpli pese düşýär we intellektual işjeňlik hem ýaramazlaşýar.
2. Özüňize ýaraýan sazy köpräk diňlemeli. Biziň gowy görýän saz kompozisiýalarymyz stress ýagdaýlaryndan baş çykarmaga, depressiw ýagdaýlardan dynmaga we psihoemosional fony gowulandyrmaga kömek edýär. Saz diňlemeklik ýada hem oňaýly täsir edýär.
3. Hiç haçan kämilleşmegiňizi bes etmäň: täze dilleri öwreniň, maglumat kabul ediň, kitaplary okaň, endikleri we başarnyklary özleşdiriň. Bu ýady kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän beýni üçin iň gowy türgenleşikdir.
4. Döredijilik üçin wagt tapyň. Bu size nerw ýadawlygyndan, stress netijelerinden dynmaga mümkinçilik berer. Eger-de siz öz ukybyňyzy peýdalanyp biljek ýeriňizi tapmadyk bolsaňyz, onda amaly sungatdan başlamaga synanyşyk ediň.
5. Alymlar ýoganyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň diňe bir psihoemosional ýagdaýa we figura oňaýly täsir etmän, eýsem, ýady hem düýpli kämilleşdirýändigi baradaky netijä geldiler. Ilki bilen ýönekeýje usullaryndan başlaň, öz derejäňizi ýuwaş-ýuwaşdan ýokarlandyryň.
6. Öz iýmit rasionyňyzy beýniniň öýjükleriniň baý antioksidant düzüminiň hasabyna dikelmesini üpjün etmäge ukyply önümler bilen baýlaşdyryň. Iň gowy wariantlar: ter ýa-da doňdurylan miweler, tebigy miwe suwlary, gök önümler, ir-iýmişler, kofe, gara şokolad.
7. Köpräk aragatnaşyk ediň. Adamlara biri-biri bilen aragatnaşyk etmek hökmany, çünki aragatnaşyk wagtynda biz kommunikatiw endiklerini kämilleşdirýäris we özümiziň durmuşy islegimizi kanagatlandyrýarys.
8. Şeýle-de ýady kämilleşdirmegiň ýene bir gowy usuly — fiziki agramlygyň ýeterlik derejesidir, şonuň üçin özüňiziň grafigiňizde sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapyň.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....