Ekspertler sürüjileriň ulagy zaýalamaga getirýän üç sany zyýanly endigini aýtdylar

  • 21.01.2020 23:29
  • 4.1k+

Awtoekspertler sürüjileriň ulagy düzýän elementleriň çalt hatardan çykmagyna we ahyrynda düýpli ýagdaýlara getirip biljek üç sany ýaramaz endigini atlandyrdylar. Bu barada mir24.tv habar berýär.
Iň howplusy awtomobil hereketde wagtynda eliňi herekete getiriji gutyny işledýän ryçagda saklamakdyr. Ulag togtan ýagdaýynda, duýdansyz rul aýlananda ýa-da garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda sürüjä rulda iki eliniň hem bolmagy gerekdir. Şeýle bolmasa düýpli ulag heläkçiliginiň bolmagy ahmal. Muňa eliňde telefony ýa-da çilimi saklamak hem sebäp bolup biler.
Awtomobile dowamly tormoz bermek ýa-da tormoz pedalyna ýygy-ýygydan basyp durmak hem ýaramaz täsir edýär. Bu diňe bir çalt zaýalanma däl-de, eýsem, tormoz kolodkalarynyň gyzmagyna-da getirýär. Howply manýowrlarda olar ýanyp, hatardan çykyp bilýärler, bu bolsa ahyrynda kyn ýagdaýy ýüze çykarýar.
Ýene bir zyýanly endik herekete getirijini gyzdyrmazdan «bada-bat» herekete başlamak hasaplanylýar. Bilermenleriň pikiriçe, islendik howa şertlerinde awtomobili birnäçe minut boş aýlawda dolandyrmaly, hünärmenler hereketiň ilkinji bäş minudynda kolenwala minutda iki müň aýlawdan artyk tizlik bermeli däldigini maslahat berýärler. Bu maslahatlaryň berjaý edilmegi hereketlendirijiniň hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrmaga ähmiýet berer.

12.06.2026 18:22
8.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....