Türkmenistanda implantyň kömegi bilen eşidişi dikeltmek boýunça ilkinji operasiýa geçirildi

  • 20.01.2020 23:58
  • 7.4k+

Saglygy goraýyş ulgamynda giňelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen ýokary derejeli hünärmenleriň nobatdaky topary Aşgabatda iş saparynda bolýarlar.
Şu günler Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde germaniýaly professorlar — otorinolaringolog Ýohannes Senk hem-de anesteziolog Klaus Çaýkowskiý türkmen hünärmenleri bilen bilelikde ilkinji gezek ýurdumyzda häzirkizaman hirurgiki bejeriş usulyny — kohlear implantaty oturtmak operasiýany üstünlikli amala aşyrdylar. Bu operasiýa neýrosensor gulagagyrylygy bejermegiň döwrebap hirurgiýa usuly bolup durýar.
— Kohlear implantaty eşitmekden galan we doly mahrum bolan hassalary bejermegiň has netijeli usuly bolup, ol haçanda gulak enjamlary kömek edip bilmedik ýagdaýynda eşitmegi dikeltmäge ýardam edýär diýip, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Augsburg şäheriniň Otorinolaringologiýa uniwersitet klinikasynyň direktory Ýohannes Senk gürrüň berýär. – Ýörite elektron enjamy sesleri tutýar we olary gulagyň içine gönükdirilýän elektrik impulslara öwürýär, bu bolsa näsaga eşitmäge mümkinçilik döredýär.
Anesteziolog, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Erlangen şäheriniň uniwersitet anesteziologiýa klinikasynyň baş lukmanynyň orunbasary Klaus Çaýkowskiý hem onuň pikiri bilen doly ylalaşýar. Ol hem german we türkmen lukmanlarynyň arasynda tejribe we bilim alyşmak işine yzygiderli gatnaşýar.
Şonuň bilen birlikde, Klaus Çaýkowskiý Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde lukmanlar üçin, şeýle hem hassalar üçin şol sanda körpe näsaglar üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini belledi.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....