Apelsin suwunyň köplere mälim bolmadyk alamatlary

  • 20.01.2020 23:50
  • 4.8k+

Apelsin suwy C witamini düzüminde saklamak boýunça lider-önümleriň biridir. Onda organizmiň öýjüklerini garramakdan goraýan köp sanly flawonoidler we antioksidantlar saklanýar. Ýöne ekspertler apelsin suwunyň heniz hemmelere belli bolmadyk birnäçe alamatlaryny ýüze çykardylar.
Apelsin suwunyň içilmegi artykmaç agramdan dynmaga kömek eder. Ýaňy-ýakynda geçirilen barlagyň netijelerine görä, adamlaryň iýmit bilen bile kabul eden apelsin suwunyň günde üç paýy gysga wagtyň içinde ortaça 300 gram horlanmaga kömek etdi, bu barada «Zuma de Fruta en Serio» ylmy assosiasiýasyna salgylanmak bilen «ABC» neşiri ýazýar.
Apelsin suwy arterial basyşy kadada saklamaga ýardam edýän mikronutrientlere örän baý.
Mundan başga-da, lukmançylyk hünärmenleriniň pikiriçe, bu içgi ýüregi sagdyn saklamaga kömek etmek bilen «ýaramaz» holesterini «gowa» öwürmäge ukyply.
Hünärmenler uly bolmadyk stakan apelsin suwunyň ganda şekeriň derejesini kadalaşdyrmaga ýardam edýändigini aýdýarlar.
Apelsin suwunyň köp bolmadyk mukdarda yzygiderli kabul edilmegi bilen diňe bir gan basyş kada gelmän, eýsem, insuline durnuklylyk peselýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....