Toyota Ýewropa üçin täze ykjam krossowerini taýýarlaýar

  • 16.01.2020 23:22
  • 3.4k+

Ýapon awtoöndürijisi Ýewropa bazary üçin täze ykjam krossowerini çykarar. Bu barada Toyota press-gullugy habar berýär.
Toyota kompaniýasy Ýewropa bazarynda satyljak täze ykjam krossoweri baradaky tizeri we ilkinji resmi maglumaty neşir etdi. Model hatarynda bu krossower C-HR krossowerinden bir basgançak aşakda ýerleşer. Awtomobiliň premýerasy 2020-nji ýylda bolar.
Bu krossoweriň esasynda GA-B täze modul platformasy durýar, täze nesliň Toyota Yaris hetçbegi hem şonuň esasynda gurnalan. Şeýlelik bilen täze önüm soňkynyň esasy böleklerini we täze nesliň Yaris hetçbekli enjamlaryny özüne kabul edip alyp biler.
Kompaniýada krossoweriň diňe bir göwrümi ulaldylan ýol yşykly ýönekeý «Ýaris» bolmajakdygy bellenildi – ol özüniň platforma «donoryndan» daşky görnüşi we göwrümi boýunça tapawutlanar. Neşir edilen tizere salgylansak, awtomobil gysga öňki we yzky sweslere, uly ýol yşygyna, göwrümi boýunça ulaldylan teker disklerine we original formadaky yşyklandyryjylara eýe bolar.
Täze önümiň seriýaly önümçiligi Fransiýadaky kärhanada Yaris bilen bir hatarda ýola goýular.

düýn 19:05
4.5k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.8k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.6k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2.1k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...