Bize bu endiklerden ýüz öwürmek gerek

  • 15.01.2020 23:22
  • 6.7k+

Adamlaryň pikir etmezden günüň gününe amala aşyrýan hereketleri köplenç, saglyga zyýan ýetirýär. Munuň öz üstüňde işlemegi talap edýändigine garamazdan, iň gowusy bu endiklerden daşlaşmaly.
Gapjygy balagyň yzky jübüsinde götermek. Köp adamlar portmonelerini we gapjyklaryny amatly bolandygy üçin balagynyň ýa-da jinsisiniň yzky jübüsinde göterýärler. Ýöne gapjygyň şeýle saklanmagyny howpsuz diýip atlandyrmak bolmasa gerek. Gapjygy jemgyýetçilik ulaglarynda ýa-da adamlaryň köp üýşýän ýerinde aňsatlyk bilen çykaryp alyp bilýärler. Şonuň bilen birlikde adam bir zady ýerden galdyrmak ýa-da köwşüniň bajygyny daňmak üçin egilende-de, aksessuar balakdan arkaýyn gaçyp bilýär. Gapjygyň yzky jübüde göterilmeginiň zyýany adamyň oturan wagtynda gyşyk ýagdaýa eýe bolýandygy bilen baglydyr. Şeýle ýagdaý 15 minut dowam edende-de, adam eýýäm bilinde syzlap duran agyryny duýup bilýär.
Ukudan öň smartfonuň peýdalanylmagy. Ýaňy-ýakynda alymlar ykjam telefonlaryň we planşetleriň ukynyň öň ýanynda ulanylmagynyň diňe bir çalt we berk uklamak mümkinçiligini peseltmän, eýsem, dynç alşyň hilini düýpli ýaramazlaşdyrýandygyny subut eden barlagy geçirdiler. Telefon arkaly oýun oýnamak ýa-da ukudan öň täzelikleri agdarmak – bu giňden ýaýran endik. Soragyň netijeleri boýunça, uly ýaşly adamlaryň 89%-i, çagalaryň 75%-i şeýle edýän eken.
Içgileriň plastik gapdan içilmegi. Plastik gaplar örän amatly. Ony islendik içgi bilen dolduryp, ýanyňa almak bolýar. Şeýle gaplar jebis towlanylýar we döwülmeýär. Muňa garamazdan, plastik gaplardan içmek – bu gaty bir hopwsuz däl. Sebäbi ýokary temperaturanyň täsiri astynda plastik suwuklykda zyýanly maddalary ýüze çykarýar. Şeýle ýagdaý suw ýa-da kompot bilen doldurylan plastika gün düşende, ýa-da gaba gyzgyn çaý guýulanda döräp bilýär. Plastmassa suwda organizmden aýrylmasy kyn bolan A bisfenoluny döredýär, ol hem iýmit siňdiriş ulgamyny zäherleýär.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....