Saglygyňy berkitmek üçin peýdaly maslahatlar

  • 14.01.2020 23:25
  • 5.6k+

Islendik ýaşda berk jan saglyga we özüňi oňat duýmak üçin buzly suwa düşmek ýa-da professional sport bilen meşgullanmak hökman däl. Munuň üçin günde ýerine ýetirilmesi hökmany bolan bäş sany ýönekeý we peýdaly endigi özleşdirmek ýeterlik.
Köpräk suw içiň. Suw biziň bedenimiziň esasy komponenti hasaplanylýar, şonuň üçin her bir adama suw içmek režimini berjaý etmek gerek. Her günde günüňe ýarym litr arassa suw içmeli. Ýöne bir zada üns bermek gerek, gürrüň arassa agyz suwy barada gidýär, çaý, kofe ýa-da miwe suwy muňa girenok.
Belli bir wagtda uklaň we oýanyň. Bu endik size ertirine ýeňil oýanmaga we galan tutuş günüňizi energiýa bilen üpjün etmäge kömek eder. Şunuň bilen bir zady ýatda saklamaly, organizm çalt dikeler we siz näçe ir ýatsaňyz, şonça-da ir oýanarsyňyz. Elbetde, käbirlerine bu endigi özleşdirmek üçin wagt gerek bolar.
Gimnastika bilen meşgullanyň. Irdenki we agşamky gimnastika sizi myşsalaryňyzdaky agyrydan dyndyrar, çeýelik berer we energiýa bilen üpjün eder. Gimnastikany yzygiderli ýerine ýetirmek bilen siz immunitetiňizi berkidersiňiz.
Durmuşyňyzy köpräk pozitiw emosiýalar bilen dolduryň. Ownuk zatlara-da begenmäge çalşyň we özüňize hakykatdan hem lezzet getirjek işler bilen meşgullanyň. Hobbi ediniň ýa-da sport bilen meşgullanyň.
Gezelenç ediň. Pyýada gezelenç etmek organizme peýdalydyr. Aýratynam, öýüňizden daş bolmadyk ýerde seýilgäh bar bolsa, şol ýerlerde gezelenç etmek. Şonda siz baglaryň arasynda arassa howadan dem alyp bilersiňiz. Bu myşsa tonusyny berer, gany kislorod bilen baýlaşdyrar we stressden dyndyrar.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....