2019-njy ýylyň iň howpsuz awtomobilleri belli edildi

  • 10.01.2020 19:38
  • 10k+

Euro NCAP Ýewropa guramasy 2019-njy ýylyň iň howpsuz awtomobilleriniň reýtingini düzdi. Ýeňijileri alty sany aýratyn segmentleriň kraş-testiniň netijeleri boýunça belli etdiler.
«Supermini» klasynda iň howpsuz awtomobil Renault Clio we Audi A1 boldy, olaryň derejesine Ford Puma kiçi krossoweri azrak ýetip bilmedi.
«Kiçi maşgala awtomobili» kategoriýasynda Mercedes-Benz CLA iň ýokary netijäni görkezdi, «Uly maşgala awtomobili» segmentinde meňzeş bal gazanan birbada iki model – Tesla Model 3 we BMW 3-Series iň gowusy diýlip kabul edildi. Birinjisi pyýadalaryň kemsiz howpsuzlygy bilen, ikinjisi bolsa elektron kömekçileriniň işleýşi bilen tapawutlandy. Model 3 elektrokarlaryň we gibridleriň arasynda iň howpsuz awtomobil bolmak bilen «ýakyn» kategoriýasynda hem ýeňiji boldy.
Ilon Mask üçin buýsanmaga ikinji sebäp «Adaty ýoldan daşary niýetlenilen uly awtomobiller» klasynda Seat Tarraco-dan üstün çykan Model X boldy.
«Adaty ýollardan daşary niýetlenilen kiçi awtomobilleriň» arasynda Mazda CX-30-y we Volkswagen T-Cross-y yzda goýup, howpsuzlygyň ýokary derejesini Subaru Forester görkezdi.
2019-njy ýylda jemi 55 awtomobil synagdan geçirildi, olaryň 41-si maksimal netijäni – bäş mümkinçilikden bäş ýyldyzy gazanmagy başardylar.

düýn 14:15
1.4k+

Kia Mýunhendäki  awtoulag sergisinde täze EV4-i, EV2-ni, EV5-i we PV5-i görkezer

Mýunhende geçiriljek IAA Mobility 2025 awtoulag sergisinde Kia birnäçe täze elektrik modelini hödürlär. Esasy waka ýylyň ahyryna çenli satuwa çykaryljak ykjam elektrikli EV4-iň Ýewropada ilkinji çykyşy bolar. Bu brendiň Ýewropada ýörite ýerli bazar üçin döredilen ilkinji modelidir...

31.08.2025 20:29
3.4k+

BYD seriýaly elektrokarlar üçin tizlik rekordyny goýdy: U9 472 km/sag çenli tizligini artdyrdy

BYD kompaniýasy dünýäde iň tiz seriýaly elektrik awtomobiliniň döredilendigini habar berdi. Rekord goýan giperkar U9 Track Edition diýlip atlandyrylýar we Yangwang kompaniýasy (BYD-yň lýuks subbrendi) tarapyndan işlenip taýýarlandy...

31.08.2025 20:21
2.2k+

Täzelenen Porsche Macan emeli aňa, sanly açara we oýun konsolyna eýe bolar

Porsche kompaniýasy 2026-njy ýylda Macan elektrik krossoweriniň täzelenen görnüşini çykarar. Esasy üýtgeşmeler programma üpjünçiligine we tehniki çözgütlere degişli bolar diýip, Carscoops habar berýär. Täzelikleriň biri sanly açar tehnologiýasy bolar...

31.08.2025 08:54
5.3k+

2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar...