Immuniteti «öldürýän» endikler atlandyryldy

  • 09.01.2020 22:50
  • 7.4k+

Adamyň immuniteti hiç haçan «ýatmaýar». Ol hemişe bakteriýalar we wiruslar bilen göreş alyp barýar. Organizmiň goragçy ulgamynyň iň esasy «duşmany» adamyň ýaşaýyş durmuşy hasaplanylýar. Germaniýanyň lukmanlaryna saglygyňy saklamak üçin haýsy endikleri gözden geçirmelidigini anyklamak başartdy.
1. Lukmanlaryň pikiriçe, sowuk aýak bilen gowşak immun sistemasynyň arasynda baglanyşyk bar. Bu wiruslara organizme has gowy «ornaşmaga» mümkinçilik berýän ganyň ýaramaz aýlanmasy netijesinde bolýar. Eger-de şeýle mesele bar bolsa, onda jaýyň içinde aýakýalaňaç gezmäň. Ýylyjak jorap ýa-da tapoçkalary geýiň.
2. Çilim çekmek ikinji howply endik hasaplanylýar. Ol bronhlardaky «tüýjagazlara» zyýan ýetirýär. Bu ölüm howpuna getirip biler, sebäbi olar öýkenden hapany aýyrmak funksiýasyny ýerine ýetirýärler.
3. Alkogolyň kabul edilmegi hem zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşmek ukybyny peseldýär.
4. Ukyňy almazlyk immunitete ýaramaz täsir edýär.
5. Ýaramaz iýmitlenmek hem organizmde peýdaly ýokumly maddalaryň ýetmezçiligine getirip biler. Fastfudyň iýilmegi hatda birnäçe günläp hem siziň immunitetiňize erbet zyýan ýetirmäge ukyplydyr. Organizm infeksiýalara bolşy ýaly, ýokary kaloriýaly önümlere-de reagirlenýär. Şonuň netijesinde organizmiň goraýyş funksiýasy pese düşýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....