Dünýäde iň meşhur elektromobiller belli edildi

  • 09.01.2020 22:42
  • 2.7k+

2019-njy ýyl boýunça dünýäde iň meşhur elektrokar Tesla Model 3 boldy, bu modeliň 300 815 sanysy satyldy. Elektrokarlaryň arasynda satuwy boýunça ikinji we üçünji orunda hytaý modelleri BAIC EU-Series we BYD Yuan/S2 EV ýerleşdi.
Dördünji orunda bolsa, öň birnäçe ýyllap dünýäde iň meşhur elektrokar bolan Nissan LEAF ýerleşdi. Bäşinji orunda BMW 530e. Bu barada today.ua habar berýär.
Elektromobilleriň segmenti boýunça Tesla kompaniýasynyň liderliginde geň göresi zat ýok. 2019-njy ýyl Ilon Maskyň kompaniýasy üçin iň şowly ýyl boldy. 2020-nji ýyl hem, görnüşi ýaly, has hem şowly bolar. Sebäbi ýaňy-ýakynda Hytaýda Model 3 sedanynyň seriýaly önümçiligi işe başlady, belli bolşy ýaly, dünýäde iň köp elektrokarlar hem hut Hytaýda satylýar.
Tesla zyýanly maddalaryň zyňyndy derejesi boýunça berk düzgünleriň we «ýaşyl» ulag serişdeleri üçin döwlet stimullaryň hereket edýän ýeri bolan Ýewropa öz ulaglarynyň çykarylyşyny artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Güýçli elektrik gurluşly hytaý awtomobilleriniň meşhurlygynda hem geň zat ýok. Ýaňy belleýşimiz ýaly, häzirki wagtda iň köp elektrokarlar Hytaýda satylýar. Munuň şeýle bolmagyna birnäçe ýagdaýlar sebäp bolýar. Meselem, ol ýerde «ýaşyl» ulaglaryň satyn alynmagyny stimulirleme boýunça döwlet we welaýat meýilnamasy hereket edýär.

düýn 14:15
1.4k+

Kia Mýunhendäki  awtoulag sergisinde täze EV4-i, EV2-ni, EV5-i we PV5-i görkezer

Mýunhende geçiriljek IAA Mobility 2025 awtoulag sergisinde Kia birnäçe täze elektrik modelini hödürlär. Esasy waka ýylyň ahyryna çenli satuwa çykaryljak ykjam elektrikli EV4-iň Ýewropada ilkinji çykyşy bolar. Bu brendiň Ýewropada ýörite ýerli bazar üçin döredilen ilkinji modelidir...

31.08.2025 20:29
3.4k+

BYD seriýaly elektrokarlar üçin tizlik rekordyny goýdy: U9 472 km/sag çenli tizligini artdyrdy

BYD kompaniýasy dünýäde iň tiz seriýaly elektrik awtomobiliniň döredilendigini habar berdi. Rekord goýan giperkar U9 Track Edition diýlip atlandyrylýar we Yangwang kompaniýasy (BYD-yň lýuks subbrendi) tarapyndan işlenip taýýarlandy...

31.08.2025 20:21
2.2k+

Täzelenen Porsche Macan emeli aňa, sanly açara we oýun konsolyna eýe bolar

Porsche kompaniýasy 2026-njy ýylda Macan elektrik krossoweriniň täzelenen görnüşini çykarar. Esasy üýtgeşmeler programma üpjünçiligine we tehniki çözgütlere degişli bolar diýip, Carscoops habar berýär. Täzelikleriň biri sanly açar tehnologiýasy bolar...

31.08.2025 08:54
5.3k+

2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar...