2022-nji ýyla çenli barlaghanalarda howadan taýýarlanylýan iýmitiň önümçiligine başlanylar

  • 09.01.2020 20:55
  • 2.8k+

2022-nji ýyla çenli barlaghanalarda howadan, suwdan we elektrik togundan taýýarlanylýan iýmitiň önümçiligi işe giriziler. Bu barada Solar Food kompaniýasynyň finlýandiýaly ylmy hünärmenleri habar berdi.
Finlýandiýanyň alymlary tarapyndan 2022-nji ýyla çenli proteiniň emeli önümçiligi işe giriziler. Deslapky hasaplamalara laýyklykda, emeli proteiniň bir kilogram poroşogy 10 sany adamy gerek bolan ýokumly maddalaryň gije-gündizki normasy bilen üpjün etmäge ukyply derejede baýlaşdyrylan.
Şunuň bilen birlikde hünärmenler onýyllygyň dowamynda bu önümiň bahasy boýunça soýa bilen bäsdeşlik etjekdigini aýdýarlar. Olar ony suwdan elektrik arkaly bölünip aýrylan wodorod bilen iýmitlenýän toprak bakteriýalaryndan taýýarlaýarlar.
Fin alymlary eger-de elektrik togy Günüň we ýeliň kömegi bilen öndürilýän bolsa, onda azyk önümlerini hem parnik gazyny hiç hili harçlamazdan ösdürip ýetişdirip boljakdygyny nygtaýarlar.
Barlagçylar wodorod emele geler ýaly suw bugunyň molekulalaryny elektrik togunyň kömegi bilen dargadýarlar. Kömürturşy gaz uglerodyň çeşmesine öwrülýär, bu reaksiýanyň bilelikdäki netijesi bolsa toprakdan alnan bakteriýalara köpelmäge mümkinçilik berýär, netijede beloklara, ýaga we uglewoda baý bolan madda alynýar.
Häzirki wagtda kompaniýa poroşogyň köpçülikleýin öndürilişini hatda eksperimental režimde hem işe girizmedi, olaryň güýji bolsa bir kilogram poroşogy öndürmäge ýetýär. Onuň düzümi 50-60% belokdan, 5-10% ýagdan we 20-25% uglewoddan ybarat.

düýn 23:38
4.9k+

Hytaýda metrony abadanlaşdyrmak üçin 7500 tonnalyk bina duran ýerinden wagtlaýyn başga ýere süýşürildi

Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýüzlerçe robotyň kömegi bilen taryhy binalar toplumyny başga ýere göçürdiler. Bu barada New China TV habar berýär. Huaýanli toplumy 1920-1930-njy ýyllarda gurlan. Ol kerpiçden we agaçdan ýasalan üç binadan ybarat...

düýn 23:31
1.9k+

Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar

Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi. Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar...

düýn 23:24
764

Sony geljekki oýunlaryň treýlerini görkezdi: Silent Hill f, täze Bond we Marvel faýtingi

Adaty tomusky State of Play tanyşdyrylyşynda Sony kompaniýasy düýbünden täze we eýýäm anons edilen oýunlaryň 20-den gowrak treýlerini hödürledi. Olaryň arasynda Silent Hill-iň dowamy, Jeýms Bond barada täze oýun we uzak garaşylan ylmy fantastika Pragmata bar...

düýn 23:11
4.6k+

Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi

Tesla-nyň bazar bahasy bir günde 150 mlrd dollar arzanlady. Elektrokar öndürijisiniň paýnama bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň öz baýlygy bir günde birbada 33,9 mlrd dollar azaldy diýip, Reuters habar berýär...