Alymlar gan basyşy peseltmäge kömek edýän içgini anykladylar

  • 06.01.2020 19:56
  • 5.2k+

Brusnika suwy ýokary gan basyşy peseltmäge kömek edýär we damarlaryň hereketini gowulandyrýar, diýlip Helsinki uniwersitetiniň ýaňy-ýakynda geçiren barlagynda aýdylýar. Bu barada Medical Xpress habar berýär.
Farmakologiýa kafedrasynyň lukmany Enn Kiwimýaki gipertenziýaly barlaghana alakalarynyň gatnaşmagynda eksperimental barlag geçirdi. Üç aý töweregi haýwanlara klýukwanyň, gara smorodinanyň we brusnikanyň suwuny berdiler. Bu miwelerde ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýän polifenollaryň köp mukdary saklanýar.
Eksperimentiň netijeleri brusnika suwunyň ýokary gan basyşy düýpli peseldýändigini, konsentrirlenen içginiň bolsa damarlaryň ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigini görkezdi. Şunuň bilen birlikde ol ýaş boýunça arterial basyşyň ýokarlanmagyna böwet bolup bilenok. Beýleki miwe suwlary üýtgeşik netije bermedi.
Barlagyň awtorynyň belleýşi ýaly, alnan maglumatlary biraz ýokary gan basyşly adamlarda hem barlap görmek gerek.
«Brusnika suwy dermanyň ýerini tutup bilmez, ýöne nahara tagamly goşmaça iýmit bolup biler» – diýip, Kiwimýaki hasaplaýar.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....