Türkmenistanda pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar edilip başlandy

  • 06.01.2020 18:32
  • 6k+

Şu ýyl ilat arasynda geçirilýän keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ozalky tertibine ýene-de üç sany keseliň: pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyza döwlet serişdeleriniň hasabyna ÝUNISEF-iň üsti bilen satyn alnan ýokary hilli, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan güwanamalaşdyrylan pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar gelip gowuşdy. Şeýle hem Saglyk öýlerinde sanjym otaglarynda agzalyp geçilen kesellere garşy mugt immunizasiýa başlandy.
Pnewmokokka ýokanjyna garşy sanjym bir ýaşa çenli çagalarda 2 aýlykda, 4 aýlykda we 12-15 aýlykda geçirilýär; rotawirus ýokanjyna garşy sanjym bir ýaşa çenli çagalara üç tapgyrda — 2 aýlykda, 3 aýlykda we 4 aýlykda peroral edilýär; wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjym 18 aýlyk wagty edilýär. Çagalara pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar etmek üçin ýaşaýan ýeriň boýunça Saglyk öýlerindäki maşgala lukmanynan ýüz tutmaly.
Rotawirus ýokanjy temperaturanyň ýokarlanmagyna getirýär we dünýä boýunça täze doglan çagalaryň agyr iç geçmesine sebäp bolýar. Körpeleriň, aýratyn hem täze doglanlaryň bu kesel bilen kesellemek howpy ýokarydyr. Rotawirus ýokanjy hapa agyz suwundan, iýmitden we hapa ellerden, kesellän gap-gaç bilen galtaşmadan, oýnawaçlardan, gündelik ulanylýan goşlardan geçip bilýär. Onuň alamatlary: temperaturanyň ýokarlanmagy we gaýtarma, soňra iç geçme. Bu alamatlar çaganyň bedeninden suwuklygyň ýitmegine getirip biler, bu bolsa agyr netijelere getirip biler.
Pnewmokokka ýokanjy asgyrmada we üsgürmede geçip bilýär. Bu kiçi çagalarda bakterial meningitiň (kelle we arka beýniniň çişmegi) esasy sebäbidir. Ol şeýle hem ganyň agyr ýokanç kesellerini, orta gulagyň kesellemegini we pnewmaniýany döredip biler.
Wirusly gepatitiň A bagyry eredýär. Wirusly gepatitiň A bir hojalyk ýa-da çagalar edarasynyň çäklerinde zäherlenen predmetleriň üsti bilen bir adamdan beýlekä ýeňillik bilen geçip bilýär. Iýmit önümleri bilen galtaşmada hem kesel geçip biler. Elleriň ýuwulmagy bu keseliň ýaýramak howpunyň öňüni alyp biler.
Hatda häzirki wagtda bu alamatlaryň hiç biri ýok hem bolsa, bu keseli oýaryjylaryň ýitirim bolmagyny aňlatmaýar. Eger-de degişli gorag bilen immunitet berkidilmese, onda keseller dolanyp biler.
Unutmaň! Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almak bilen, siz diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýra üzülmeleriň hem öňüni alyp bilersiňiz.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....