Lukmanlar nähili geýimleriň allergiýa döredip biljekdigini aýtdylar

  • 05.01.2020 11:10
  • 4.2k+

Egin-eşik – bu diňe bir moda we rahatlyk bolman, eýsem, kähalatlarda allergiýadyr. Sebäbi ol günüň köp böleginde deri bilen ýakyn gatnaşykda bolýar.
Allergiýa reaksiýasyny islendik material, hatda tebigy material hem döredip bilýär. Ýöne dermatit esasan sintetiki geýimlerden ýüze çykyp bilýär: poliester, emeli ýüpek, neýlon, spandeks ýa-da rezinler. Onuň sebäbi hem belli, çünki hut şu matalar derä dem almaga mümkinçilik bermeýär we hetdenaşa derlemeklige getirýär.
Egin-eşik bilen bagly başga gyjyndyryjylara şulary degişli etmek bolýar:
Aksessuarlar. Nikelden ýa-da kobaltdan taýýarlanylan şpilkalar, ilikler, syrmalar we berçinler – dermatitiň döremeginiň giňden ýaýran sebäbi. Statistika boýunça, nikele bolan kontaktly dermatit görnüşindäki allergiýadan dünýäniň 12,5 % ilaty ejir çekýär.
Kir ýuwujy serişde. Gynansak-da, köp arassalaýjy serişdeler düzüminde köp adamlarda allergiýa reaksiýasyny döredip biljek zyýanly toksinleri, reňk berijileri we ys berijileri saklaýarlar.
Täze geýim. Täze geýim düzüminde egin-eşikleriň erbet ýygyrt bolmagyna getirýän formaldegid saklanyp bilinýär. Bu bolsa duýgur adamlarda gijelewügi we gyjyndyryjylygy döredip biljek ýeterlik derejedäki zyýanly maddadyr.
Ftoroplast we teflon. Bu maddalar ýokary tehnologik geýimler tikilýän döwrebap membran materiallarynda ulanylýar. Ýöne dermatologlar şeýle siňdiriji zatlary diňe bir allergiýany däl-de, eýsem, ragy hem döretmäge ukyplydygy sebäpli adam üçin zyýanly hasaplaýarlar.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....