Tesla elektromobilleriň satuwy boýunça täze rekord goýdy

  • 04.01.2020 22:45
  • 3.1k+

Uoll-stritiň çaklamasyna görä, dördünji çärýekde Teslanyň önümçiligi 106 000 awtomobile ýetmelidi.
Kompaniýanyň maglumatlary boýunça, geçen ýyl müşderilere 367 500 elektromobil satyldy, bu bolsa 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 50% ýokarydyr. Şeýlelik bilen, kompaniýa öňde goýlan maksada ýetmegi başardy, ýagny ýylyň dowamynda sarp edijileri 360 000-den 400 000-e çenli awtomobil bilen üpjün etmeli, bu hem 2018-nji ýyldan 45-65% ýokary.
Üpjünçilik boýunça görkeziji çärýek hasabatynyň neşir edilmeginiň öň ýanynda kompaniýanyň işini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Tesla “eger-de awtomobiller müşderilere berlen we ähli resminamalar hem dogry resmileşdirilen bolsa”, onda awtomobiller gowşurylan diýip hasap edýär.
Teslanyň habar bermegine görä, dördünji çärýekde müşderiler Model 3-iň 92 550 sanysy we Model S hem-de X-iň 19 450 sanysy bilen üpjün edildi. Deňeşdirmek üçin bellesek, analitikleriň maglumatlaryna laýyklykda, hasabat çärýeginde kompaniýa Model 3 elektromobilleriniň 87 900 sanysy, Model S-iň 9800 sanysy we Model X-iň 9300 sanysy bilen üpjün etmelidi.
Şeýle-de, öndürijiniň habar bermegine görä, onuň Şanhaýdaky kärhanasynda hasabat döwründe konweýerden 1000-e golaý awtomobil çykdy.

düýn 19:05
4k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.7k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.5k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...