Howsalalykdan nädip dynmaly: alymlaryň maslahaty

  • 03.01.2020 23:42
  • 3.9k+

Alymlaryň pikirine görä, howsalalygyň ýokary derejesi diňe bir umumy emosional ýagdaýa negatiw täsir etmän, eýsem, fiziki saglyga hem ýaramaz täsir edýär we ýaşaýyş hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär.
Bilermenler durmuşy başgaça kabul etmäge kömek etjek täsirli usullaryň sanawyny hödürleýärler:
1. Ilkinji nobatda siziň öz-özüňiziň we dünýäni kabul edişiňiziň üstünde giň gerimli işleri geçirmegiňiz gerek. Alymlaryň köpüsi dünýäni bolşy ýaly kabul etmekden başlamagy maslahat berýärler. Göräýmäge, bu ýönekeý bir hakykat ýalydyr, ýöne her kim bu başarnygyň hötdesinden gelip bilmeýär.
2. Şahsy gündelik ýörediň. Eger siz sussupes ýagdaýda bolsaňyz, onda ruhy taýdan öz-özüňiz bilen gürleşmek siziň tukatlygyňyzyň hakyky sebäbini gözläp tapmaga ýardam eder. Çünki emosional reaksiýany döreden haýsydyr bir anyk negatiw hadysa psihologyň ýanyna baranyňyzda ýa-da şahsy gündelik ýöredeniňizde ýüze çykyp biljek birnäçe içki meselelere getirip bilýär.
Hünärmenleriň köpüsi şahsy gündeligi yzygiderli ýöretmegi maslahat berýärler: bu hemişe geçen günüňi seljermäge mümkinçilik berer, netijede akyl ýetirmek endigini ele almaga getirer.
3. Meditasiýa sungatyny öwrenmäge çalşyň. Onuň fiziki we ruhy saglyga oňaýly täsiri ylmy tejribeleriň esasynda birnäçe gezek subut edildi.
Iň ýönekeý usul şeýle: jaýy ýelejirediň, rahat ýagdaýa geliň, bedeniňizi gowşadyň, gözüňizi ýumuň we öz pikirleriňize ser salyň. Ondan soň dem alşyňyza gözegçilik etmek bolar.
Ertirlerine meditasiýa öndürijilikli iş gününe ugrukmaga mümkinçilik berýär, gijelerine bolsa tejribe emosional ýadawlykdan saplaýar.
4. Öz sözleýşiňize üns beriň. Negatiw manyny berjek sözlerden gaça duruň, çünki biziň her bir aýdýan zadymyz psihologik ýagdaýymyza täsir edýär. Şeýle-de, negatiw pikirlerden hem gaça durmaly (“men şowsuz adam”, “men hiç zady başarmaryn”, “men hiç haçan hemme zady dogry edip bilmerin”), sebäbi biz şowsuzlygyň döremegine özümiz şert döredýäris.
5. Sizde negatiw duýgyny döredýänler bilen gatnaşmagyňyzy bes ediň: eger-de size haýsydyr bir adam ýaramaýan bolsa, onda onuň bilen görüşmek hökman däl. Sizi dawalaşmaga iteren wagtlary siz paýhasly hereket ediň we dawalaşmagy kabul etmäň.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....