Ananas gan basyşy peseldýär we rak keselinden goraýar

  • 03.01.2020 23:35
  • 4.7k+

Hünärmenler yzygiderli tropiki miwäni kabul etmegi maslahat berýärler. Lukmanlar ekzotik miwäniň arterial basyşy peseldýändigini, rak keselinden goraýandygyny we saglyk üçin möhüm bolan başga-da birnäçe artykmaçlyklara eýedigini aýtdylar.
Ananas iýmitiň iýmit siňdiriş ýoluna düşmegini kadalaşdyrýan ereýän we eremeýän süýümleriň köp mukdaryny saklaýar. Ananasyň süňki berkitmek, agyz boşlugyny sagdynlaşdyrmak, üsgülewügi aýyrmak ýaly peýdaly alamatlary hem bar. Miwe düzüminde C witamini we bromelaýny saklaýar, onuň kömegi bilen ananas üsgülewükden gutuldyryjy dermanlaryň ýerini çalşyryp bilýär.
Miwede saklanýan dürli maddalaryň arasynda marganes hem bar. Ol rak keseliniň güýçlenmek howpuny peseldip bilýär, çünki superoksiddismutazanyň işlenip çykmasyna gatnaşýar. Gürrüň howply şikesliligi güýçlendiriji erkin radikallaryň möçberini azaldýan antioksidant fermentleri barada gidýär. Ananas gan basyşyň derejesine ýardam bermek bilen organizmde kaliýniň derejesini ýokarlandyrýandygy, artritiň alamatlaryny azaldýandygy, bedeniň we gan aýlanyşygynyň ýagdaýyny gowulandyrýandygy üçin rasiona hökman girizilmeli.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....