Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

  • 31.12.2019 11:38
  • 4.7k+

Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda ol 2020-nji ýylyň hem belent sepgitlere, Türkmenistanyň halkynyň täze zähmet üstünliklerine beslenjekdigine we Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýandygyny belleýär.
Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi 2020-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Türkmen bitaraplygynyň esaslary we oňyn ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä giňişliginde aýratyn mana eýe bolýar. Munuň özi tutuş Ýer togalagynda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkidilmegini şertlendirýär, diýip ol belleýär.
«Geçip barýan ýyly ugradyp, biziň her birimiz hakydamyzda hemişelik galan şanly wakalary ýatlaýarys. Meniň üçin şeýle waka Siziň maňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady bermegiňiz we ”Altyn aý” altyn medalyny gowşurmagyňyz boldy. Bu ýokary sylag meniň çagalygymyň we ýetginjeklik ýyllarymyň geçen ýeri bolan mähriban Watanymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyň nyşany bolup durýar».
«Gadymy we ajaýyp türkmen topragynda doglup, men mähirli, açyk ýürekli, hoşniýetli we örän myhmansöýer türkmen halkyna iň ýakyn duýgularymy besleýärin. Türkmenistanlylaryň Siziň döwlet we halkara işiňiz bilen baglanyşykly ýeten derejesine tüýs ýürekden begenýärin we buýsanýaryn.
Goý, 2020-nji ýyl durnuklylygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!» diýip, O.Kononenko belleýär.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......