Lukmanlar bagry bejermäge ukyply miwäni aýtdylar

  • 30.12.2019 07:33
  • 15k+

Bagyr toksinleri, zäherli maddalary, alkogolyň dargama önümlerini we ş.m saklaýan süzgüç bolup hyzmat edýär. Bu barada Hyser saýty ýazýar.
Lukmanlaryň pikirine görä, dürli bagyr keselli adamlara öz rasionynda mangony yzygiderli esasda artdyrmak gerek. Hünärmenler bu daşary ýurt miwesiniň immunitetiň ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigini belleýärler.
Ynanmak kyn, ýöne hut şu ekzotik miwe gadymy döwürden bäri belli bolan diňe almadan däl-de, eýsem, banandan-da öňe geçmek bilen, dünýäde iň meşhury hasaplanylýar. Antioksidantlaryň uly mukdarynyň kömegi bilen mango adam organizmine iýmit maddalaryny siňdirmäge kömek edýär, ösüşi hem-de iýmit siňdiriş ulgamynyň bakteriýalarynyň işjeňligini sazlaýar
Dietologlar şeýle-de, her bir miwede uly ýaşly adamlar üçin bir gije-gündizki normadan 20%-e çenli kletçatkanyň saklanýandygy sebäpli, onuň madda çalşygyny we aşgazanyň işini gowulandyrýandygyny belleýärler.
Gyzykly zat, ýaňy-ýakynda alymlar mangoda wirusa garşy alamatlara eýe bolan magniferin fermentlerini ýüze çykardylar, şol sebäpli bu miwe gerpesi bejermekde köp peýdalanylýar. Mundan başga-da, mangonyň gabygyny we döwlen şänigini turşadyjy serişde hökmünde ulanýarlar, ýapraklaryny we şahajyklaryny diş pasta derek peýdalanýarlar. Şeýle-de, mango göreç üçin hem diýseň peýdaly.
Ýatlap geçsek, adamyň iýmiti kabul ediş prosesinde çalt doýmagy bagyrda rak keseliniň döremeginiň başlangyç derejesinden habar berip biler. Şeýle netijä Beýik Britaniýanyň rak keseliniň Barlag merkeziniň hünärmenleri geldi.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....