Lukmanlar bedeni we ruhy bejermäge ukyply miwäni anykladylar

  • 27.12.2019 06:19
  • 5k+

Lukmanlar adam bedeniniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan witaminleriň köp mukdaryny özünde saklaýan miwe barada gürrüň berdiler.
Ýaňy-ýakynda alymlar belli miweleriň arasynda witaminleriň örän köp mukdaryny düzüminde saklaýan we wirus hem-de ýakymsyz howa şertlerinde dermanyň ýerini tutjak bir miwäniň bardygyny habar berdiler. Gürrüň armyt barada gidýär.
Hünärmenler bu önümi iýmitlenmegiň gündelik rasionyna hökman girizmelidigini we onuň kabul edilmegine biperwaý garamaly däldigini nygtaýarlar. Armydyň peýdalydygyny subut etmek üçin lukmanlar bu miwe bilen bagly geçirilen barlaglaryň netijeleri bilen paýlaşdylar.
Geň galdyryjy fakt: armyt şähdiňi açmaga kömek edýär. Sebäbi bu miwe organizmde dartgynlylygyň derejesini peseldýän we ony energiýa bilen üpjün edýän gurplandyryjy täsire eýe. Lukmanlar nämedir bir zat ynjalyksyzlandyrýan bolsa, birnäçe armydy hökman iýmelidigini maslahat berýärler.
Bu miwäniň kalsiý, kletçatka, demir we kaliý ýaly maddalary hem düzüminde saklaýandygyny belläp geçmeli. Mundan başga-da, armyt organizmiň saglygy üçin zerur bolan A, C, B we E witaminlere hem eýe.
Armyt duýdansyz gyzgyny galan, şeýle-de böwregiň işleýşi we iýmit siňdiriş organlarynyň prosesi bilen bagly meseleli adamlara hem uly kömek edýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....