Ekspertler dünýädäki iň peýdaly miwäni atlandyrdylar

  • 25.12.2019 06:31
  • 6.4k+

Özüniň peýdaly alamatlary bilen guawa nardan, garalydan, almadan, üzümden, banandan we hatda mangodan hem öňe geçýär.
Haýdarabadyň (Hindistan) Milli institutynyň alymlary Ýer şaryndaky iň gymmatly miwäni kesgitlemek üçin yzygiderli eksperiment geçirdiler we guawanyň antioksidantlaryň düzümi boýunça rekordçydygyny anykladylar. Bu barada enovosty.com habar berýär.
Antioksidantlar uzak wagtlap ýaş görünmäge kömek edýär we onkologiýanyň güýçlenmeginiň öňüni alýar. Şol miwäniň bir paýy (160g) 500 mg antioksidanty saklaýar, şeýle möçberde garaly – 330 mg, 160 g nar – 135 mg.
Mundan başga-da, guawa C, A witaminlerine we foliý kislotasyna baý.
Ýatlap geçsek, miweler we gök önümler gan basyşy we holesteriniň derejesini peseldýän kletçatkalaryň, kaliýniň, magniýniň, antioksidantlaryň we fenollaryň çeşmesi hasaplanylýar.
Hünärmenler adamyň günüň dowamynda 300 gr miwe we 400 gr gök önüm iýmelidigini kesgitlediler.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....