«YouTube-de» telewizorda kontenti dolandyrmak üçin täze funksiýa peýda boldy

  • 23.12.2019 22:56
  • 3k+

Geçen hepdede YouTube mobil programmasy birnäçe täze funksiýany işe girizdi. Bu bolsa ony ulanmak üçin has elýeterli hem ýönekeý edýär. Belläp geçmeli täzelikleriň biri hem, telewizorda YouTube programmasynyň ses gözlegi funksiýasynyň peýda bolmagydyr.
Täze funksiýa ulanmak üçin ýönekeý hem amatly. YouTube mobil programmasynda diňe Cast düwmesini basmak ýeterlik, şondan soň ekranda programmanyň ses buýrugyna taýýardygyny duýdurýan mikrofonyň şekili ýüze çykýar. Bu täzelenişden öň ses gözlegini telewizorda Android-gurluşy arkaly ulanmak amatly däldi. Indi bolsa munuň üçin birje düwmäni basmak ýeterlik, diýmek, indi funksiýa telewizorda YouTube wideoroliklerine tomaşa edýän ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolar.
Täze ses gözlegi bilen bir hatarda ulanyjylara “Kim seredýär” funksiýasy hem elýeterli bolar. Onuň kömegi bilen dürli ulanyjylar telewizorda olaryň mobil gurluşlary bilen bagly bolan YouTube programmasyndaky hasabat ýazgylarynyň arasyna geçmek işini hem amala aşyryp bilýärler. Şeýle çemeleşme maşgalanyň her bir agzasyna kontente elýeterliligi aňsat gazanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, sahypanyň çep böleginde iň gowy kanallary görkezýän nawigasion menýusy hem täzelendi. Mundan başga-da, indi mobil programmasynda telewizorda YouTube-y dolandyrmakda hyzmat edýän distansion dolandyrylyşyň hakyky wirtual pulty peýda boldy.

düýn 23:38
3.8k+

Hytaýda metrony abadanlaşdyrmak üçin 7500 tonnalyk bina duran ýerinden wagtlaýyn başga ýere süýşürildi

Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýüzlerçe robotyň kömegi bilen taryhy binalar toplumyny başga ýere göçürdiler. Bu barada New China TV habar berýär. Huaýanli toplumy 1920-1930-njy ýyllarda gurlan. Ol kerpiçden we agaçdan ýasalan üç binadan ybarat...

düýn 23:31
1.7k+

Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar

Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi. Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar...

düýn 23:24
686

Sony geljekki oýunlaryň treýlerini görkezdi: Silent Hill f, täze Bond we Marvel faýtingi

Adaty tomusky State of Play tanyşdyrylyşynda Sony kompaniýasy düýbünden täze we eýýäm anons edilen oýunlaryň 20-den gowrak treýlerini hödürledi. Olaryň arasynda Silent Hill-iň dowamy, Jeýms Bond barada täze oýun we uzak garaşylan ylmy fantastika Pragmata bar...

düýn 23:11
3.7k+

Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi

Tesla-nyň bazar bahasy bir günde 150 mlrd dollar arzanlady. Elektrokar öndürijisiniň paýnama bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň öz baýlygy bir günde birbada 33,9 mlrd dollar azaldy diýip, Reuters habar berýär...