«Altyn asyr» 2 Gb Internet mümkinçilikli täze nyrh meýilnamasyny hödürleýär

  • 23.12.2019 22:55
  • 13k+

2019-njy ýylyň 28-nji noýabryndan başlap, «Altyn asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Internet 50» atly täze nyrh meýilnamasyny işe girizdi. Bu barada aragatnaşyk operatorynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Täze nyrh meýilnamasynyň aýlyk tölegi bir aýyň dowamynda 100 minut gepleşige, 100 SMS-e we 2 gigabaýt Internete mümkinçilik berýär. Meýilnamada bellenilen mukdar ulanylyp gutarylandan soňra, 1 megabaýt Internet üçin 5 teňňe alynýar.
Nyrh meýilnamasynyň aýlyk tölegi 50 manat. Oňa birikdirmek üçin müşderiniň hasabyndan 5 manat tutulýar.
«Altyn asyr» täze meýilnama öz telefonyňyzdan hem birikdirilmek mümkinçiligini hödürleýär. Munuň üçin *0809*6*1*2*133# buýrugyny bermek ýeterlikdir.
Kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän bu täze nyrh meýilnamasy Internetden has köp peýdalanýan müşderiler üçin peýdalydyr. Ýönekeý hasaba görä, bu nyrh meýilnamasynda 1 megabaýt Internetiň bahasy 2 teňňeden geçenok.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....