Kofe horlanmak üçin peýdaly

  • 22.12.2019 21:46
  • 27k+

Illinoý uniwersitetiniň alymlary bu meşhur içginiň ýag öýjüklerinde ýygnanýan maddalaryň işlenip çykmasyny çäklendirýändigini anykladylar – başgaça aýdylanda, ol adama horlanmaga kömek edýär. Bu barada MedicalXpress habar berýär.
Barlagyň netijesinde hünärmenler kofeiniň aşa köp iýmitden soň, ýagyň ýygnanmagyny azaldýandygy we trigliseridleriň hem-de holesteriniň işlenip çykmasyny çäklendirýändigi baradaky netijä geldiler.
Habar berlişine görä, “kofeinli” berhiz eksperimenti alakalarda geçirilýär. Hepdäniň dowamynda gemrijileri ýagly iýmitler hem-de kofein bilen eklediler. Alakalar 15% belogyň, 40% ýagyň we 45% uglewodyň hasabyna iýmitlendiler we günde dört çaşka kofeden “içdiler”.
Bir aýdan soň günde kofe “içen” alakalaryň kofeinsiz oňan alakalardan tapawutlylykda, 16% az agram we 22% az ýag ýygnandyklary anyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, alymlaryň bellemegine görä, kofeiniň nähili kabul edilendiginiň uly tapawudy ýok. Bu adaty kofe-de, mattýa çaýy-da bolup biler.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....