«Mercedes» EQA elektrik krossoweriniň ilkinji tizerini görkezdi

  • 19.12.2019 23:56
  • 3.2k+

«Mercedes GLA» modeliniň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde geljekki täzeligiň ilkinji resmi suraty ekranda görkezildi. Bu ykjam elektrokaryň ilkinji goýberilişi 2020-nji ýylda bolar, 2021-nji ýylda bolsa onuň satuwyna başlanar.
«Mercedes-iň» bu elektrik krossoweri EQA-nyň konseptual modeli hökmünde 3 ýyl mundan öň görkezilipdi. Şonda kompaniýa ony doly elektrik gurluşly üç gapyly hetçbek hökmünde hödürläpdi. Şeýle-de bolsa, ykjam krossowerlere bolan trend we olaryň meşhurlygy şu segmentde meýilnamalary täzeden gözden geçirmeklige iterdi.
Häzirki wagtda metbugat gullugy tizer kampaniýasyna başlady we ýakyn wagtda anyk maglumatlar elýeterli bolar.
Häzir «Mercedes EQA» pugta brend goragynda saklanýar. Biz entegem onuň tehniki häsiýetnamalaryny, takyk dizaýnyny, şeýle-de onuň tanyşdyrylyş dabarasynyň, satuwa çykarylmagynyň anyk senesini we bahasyny bilmeýäris. Muňa garamazdan, «Mercedes GLA-nyň» täze nesliniň görkezilişiniň çäklerinde ekranda elektrik EQA-nyň seriýaly görnüşi hem görkezildi.
Modeliň diňe bir tarapyndan görkezilmegine, kuzowynyň bolsa reňkli bezegleriň astynda gizlenendigine garamazdan, bize käbir detallary görmek başartdy. Ilkinji nobatda, özboluşly dizaýna eýe bolan aerodinamiki disklere üns bermek bolýar.
Biz «Mercedes EQA-nyň» 400 km ätiýaç ýoluna, 200 at güýçli kuwwatlyga, şeýle-de iki motorly wersiýasynyň doly hereketlendirijisine eýe boljakdygyny çaklaýarys.
Şol bir wagtda «Mercedes S-Klass» sedanynyň 500 müňüsini çykardy. Modeliň ýygnama işleri Germaniýadaky kärhanada amala aşyrylýar. «Mercedes-Benz S-Klass» dünýäde iň bir meşhur we ýörgünli awtoulag hasaplanýar.

düýn 19:05
4.5k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.8k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.6k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2.1k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...