Smartfonuň awtonom işi nämä bagly

  • 18.12.2019 06:48
  • 3.7k+

Näme üçin smartfonlar çalt zarýadsyzlanýar we nädip kuwwatly batareýli apparaty saýlamaly?
Smartfonuň işine näme täsir edýär? Öň ykjam telefonlaryňyzy üç günde bir gezek zarýaddandoldurýan wagtlaryňyz ýadyňyza düşýärmi? Häzirki wagtda beýle däl. «The Washington Post» gazeti 13 sany smartfony öwrenmek bilen, olaryň batareýleriniň hilini testden geçirdi.
Öndürijileriň iPhone XR we Samsung Note 9 ýaly smartfonlar üçin bir gezeklik doldurylan zarýadyň tutuş güne ýetýänligi baradaky berýän kepilleriniň ýerine ýetmeýändigi kesgitlenildi – batareýler wideony aýtdyrma režiminde bary-ýogy 12 sagada ýetip bildi. Displeýiň göwrümi bellibir derejede akkumulýatoryň işleýiş dowamlylygyna täsir edýär.
Displeýiň uly göwrümi zerarly smartfon energiýany köp talap edýär, esasan hem ýagtylyk ýokary bolanda. Batareýiň energiýasyny köp sarp edýän goşmaça millionlarça programmalar hem bar. Mundan başga-da, energiýanyň sarp edilmegine smartfonuň içki gurluşy hem täsir edýär – orta we öňdebaryjy lineýkalardan Snapdragon prosessory has energiýa netijeli hasaplanylýar.
Nädip smartfonuň iş wagtyny artdyrmaly. Ideal telefony saýlap almak prosesi köp wagt alar. Akkumulýatoryň sygymyny, önjeýliligini, kameranyň häsiýetini, displeýi we goşmaça funksiýalary deňeşdirmek has zerur faktor bolan akkumulýatordan siziň ünsüňizi sowar.
Maksimal parametrli we pes batareýli telefonyň satyn alynmagy, gynansak-da, energiýany tygşytlaýan programma gurluşlary bilen üpjün edilmez.
Eger-de siz bütin gün smartfondan peýdalanmaýan bolsaňyz, onda onuň akkumulýatory bir gije gündizden hem köp saklanar. Ekranyň ýagtylygyny peseltmek ýa-da fon programmalaryny öçürmek hem awtonom işiň dowamlylygyny artdyrar.

düýn 18:22
8.4k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....