Adam ömrüniň tebigy dowamlylygy anyklanyldy

  • 16.12.2019 17:59
  • 3.9k+

Awstraliýanyň ylmy işgärleri barlag geçirip, DNK-a esaslanyp, ýaşaýşyň optimal dowamlylygyny kesgitlediler. Belläp geçsek, alymlar oňurgalylaryň 262-den gowrak görnüşiniň DNK-syny öwrendiler.
Netijede, 42 sany dürli gende bolup geçýän DNK molekulasynyň deformasiýa prosesinden ugur alyp, ekspertlere ýaşaýşyň dowamlylygyny anyk aýtmak başartdy.
Netijeler diýseň geň galdyrýar. Aslynda adamlaryň tebigy ýaşaýyş dowamlylygy 38 ýaş eken.
Emma medisina ugrundaky üstünlikleriň, şeýle-de adamlaryň gündelik durmuşyndaky özgertmeleriň kömegi bilen ewolýusiýanyň dowamynda ol has ýokarlandy.
Mundan öň Niderlandiýanyň akademikleri hem ylmy iş alyp bardylar, onuň dowamynda olar adamlaryň ýaşaýyş dowamlylygynyň çägini kesgitlediler: erkeklerde – 114 ýaş, aýallarda – 115,7 ýyl.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....