Ferrari elektromobil önümçiligini 2025-nji ýyla çenli süýşürýär

  • 15.12.2019 09:10
  • 2.1k+

Ferrari kompaniýasynyň ýolbaşçysy Luis Kamilýeri brendiň taryhynda ilkinji doly derejeli elektrik modelini çykarmak boýunça meýilnamasy barada Reuters informasion agentligine gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki çekiş akkumulýatorlary heniz hem düýpli gutarnykly işi, olaryň zarýad dowamlylygy bolsa has gowusyny talap edýär.
Geçen güýzde kompaniýa 2022-nji ýyla çenli ösüş strategiýasyny neşir etdi. Meýilnama laýyklykda, gammada gibrid sportkarlary ýüze çykar, ýöne onda elektromobiller barada ýeke söz hem aýdylanok. Bu şeýle ulaglary italýanlaryň azyndan 2023-nji ýyla çenli çykarmagy meýilleşdirmeýändigini aňladýar, indi bolsa hemmetaraplaýyn alanyňda, bu möhlete ýene birnäçe ýyl goşulýar. Ýöne Ferrari gibridleri – bu eýýäm hakykat: sebäbi kompaniýa ýazda 1000 at güýçli gibrid gurluşy bilen zarýadlanýan doly herekete getirijili SF90 Stradale superkaryny görkezdi. Ýakyn geljekde gammada şeýle awtomobilleriň sany artar, çünki Ferrari ýolbaşçylygy eýýäm üç ýyldan 60% satuw hut gibridlere degişli bolar diýip hasaplaýar.
Superkarlaryň segmentleriniň doly elektrik güýçli gurluşa geçmegi häzirlikçe soňa süýşürilýär. Geçen gyşda bu barada trek ugrunda ätiýaçlygyň azdygyna esaslanmak bilen Lamborghini markasynyň wekilleri habar berdiler.

düýn 19:05
4.6k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.8k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.6k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2.1k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...