Alymlar durmuşyň manysyny gözlemegiň saglyga nähili täsir edýändigini anykladylar

  • 13.12.2019 07:16
  • 2.9k+

Durmuşyň manysynyň bolmagy adamyň fiziki we psihiki ýagdaýyna oňaýly täsir edýär, emma dowamly we şowsuz gözlegler bolsa saglygyň daýanç nokatlaryny, tersine, ýaramazlaşdyrýar.
Şeýle netijä San-Diegoda üç ýylyň dowamynda ştatyň 21-den 100 ýaşa çenli ýaşdaky 1042 ýaşaýjysynyň durmuş maglumatlaryny öwrenen Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary geldiler. Olaryň ählisi “üstünlikli” garrama bagyşlanylan göwrümli barlaga gatnaşdylar. Hünärmenler uly ýaşdaky adamlaryň özüni gowy duýmagyna haýsy faktorlaryň has täsirlidigini anyklamaga çalyşýarlar.
Netijede, durmuşyň manysynyň barlyk duýgusynyň ýokary derejesi amerikanlarda 60 ýaşlarda ýetýär, ýaşlykda we has uly ýaşda adamlar öz täleýiniň gözlegi bilen has köp meşgullanýarlar.
— Ýaş wagtyňyz siz öz karýeraňyza, durmuşdaky ýoldaşyňyza we özüňiziň hakykatdan hem kimdigiňize ynamly bolmaýarsyňyz. Siz durmuşyň manysyny gözleýärsiňiz – diýip, barlagyň ýolbaşçysy belleýär. — Siz 30, 40, 50 ýaşanyňyzda, gurşap alýan dünýä bilen gatnaşyk has durnukly bolup başlaýar, megerem, siziň maşgalaňyz bardyr, karýeraňyz ugruna bolandyr. Gözlegler peselýär, durmuş bolsa manydan dolup başlaýar.
Ýöne 60 ýaşdan soň kartina üýtgeýär – adamlar işden gidýärler we özleriniň bara-barlygyny ýitirip başlaýarlar. Saglyk bilen bagly meseleler ýüze çykyp başlaýar, käbir dostlar ýa-da garyndaşlar ýogalýar, netijede täze daýanç nokatlary gerek bolýar.
Durmuşyň manysynyň barlygy bilen saglyk ýagdaýynyň arasyndaky baglanyşyga alymlar barlaga gatnaşyjylardan yzygiderli sorag etmek arkaly baha berdiler. Indiki ädim – durmuşyň manysynyň gözlegi bilen stressiň we garramanyň käbir biomarkerleriniň baglanyşygyny bahalandyrmak.
Barlagyň netijeleri bilen Journal of Clinical Psychiatry žurnalynda neşir edilen makalada giňişleýin bellenilýär.

düýn 18:22
8.7k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....