Çempionlar ligasy toparçalardaky tapgyrlarda gol sany boýunça rekordyny täzeledi

  • 12.12.2019 19:30
  • 2.5k+

Düýn Çempionlar ligasynyň 2019/2020 möwsüminiň toparçalardaky tapgyrynyň soňky duşuşyklary geçirildi. 96 duşuşykda 308 gol geçirildi. UEFA-nyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, bu görkeziji turniriň täze rekordy boldy. Mundan öňki rekord 2017/2018 möwsümde goýlupdy. Şol gezek klublar jemi 306 gol geçiripdirler.
Şu gezekki ýaryşyň iň netijeli kluby «Bawariýa» boldy. Ol garşydaşlarynyň derwezesine 24 gol geçirdi.

düýn 13:28
8.5k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...

düýn 13:21
4.7k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

düýn 13:17
7.4k+

Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi

Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär...

düýn 10:25
3.6k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi...