Mercedes-Benz we Bosch Kaliforniýa köçelerinde sürüjisiz ulaglaryny işe girizdiler

  • 11.12.2019 07:19
  • 6.3k+

Mercedes-Benz we Bosch San-Hosede sürüjisiz taksileriň zakazy boýunça ilkinji taslamasyny işe girizdi.
Awtomatlaşdyrylan şäher dolanyşygyny ösdürmek boýunça Mercedes-Benz-iň Bosch bilen bilelikdäki taslamasy täze bir döwre başlady: San-Hosede (Kaliforniýa) sürüjisiz ulaglarda gezelenç etmek islegi boýunça ilkinji hyzmatlar hereket edip başlady. Ilkibaşda bu hyzmatdan Daimler Mobility AG tarapyndan işlenilip düzülen programma arkaly S-Class awtomobilinde gezelenç etmegi bronirlemek bilen ulanyjylaryň çäkli topary peýdalanyp biler.
Başlangyç taslamanyň kömegi bilen Mercedes-Benz we Bosch SAE şkalasy boýunça 4-nji we 5-nji derejeli awtonom dolandyrylyş sistemasynyň geljekki ösüşi we olary seriýaly önümçilige taýýarlamak üçin zerur bolan informasiýalary almaklygy göz öňünde tutýar. Şeýle tejribe hyzmatdaşlara sürüjisiz gurluşlaryň jemgyýetçilik transportuny we karşeringi öz içine alýan intermodal mobillik sistemasyna birigip bilýändigine düşünmäge mümkinçilik berer.
«Bu öz häsiýetini görkezmeli ýönekeý bir awtomatlaşdyrylan transport serişdesi däl. Bize olaryň şäher mobilliginiň çözülmesi kyn bolan meselesiniň bir böleginiň bolup biljekdigi baradaky subutnama gerek» - diýip, Mercedes-Benz awtonom dolandyrylyş bölüminiň ýolbaşçysy Uwe Keller belleýär.
2017-nji ýylyň ortalarynda San-Hose hususy kompaniýalary awtonom transport serişdelerini barlagdan geçirmeklige we ýol hereketinde güýçlenýän meseleleri seljermäge çagyran ABŞ-nyň ilkinji şäheri bolupdy. Mercedes-Benz we Bosch taslamasy “akylly şäher”, howpsuzlygy ýokarlandyrmak we ýollarda dyknyşygy azaltmak, şeýle-de “mobilligi has elýeterli, durnukly we inklýuziw etmek” programmasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi bolmaly.

düýn 22:20
2.5k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi...

düýn 09:09
3.5k+

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi...

25.12.2025 13:20
2.9k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

24.12.2025 12:59
2.2k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...