Habib Fergýuson bilen göreşi üçin $600 milliondan gowrak gazanar. Toni – 6 esse az

  • 08.12.2019 22:03
  • 10k+

«Beýik duşuşyk! Hemmeler bu göreşi görmek isleýär. Eger-de kimdir biri titul göreşine mynasyp bolýan bolsa, onda ol Tonidir. Meniň pikirimçe, hut şonuň üçin bu göreşi dört gezek geçirmek islediler. Men bize pay-per-view – leriň satuwy boýunça uly sanlaryň garaşýandygyny duýýaryn» – diýip, UFC-niň eks-çempiony Maýkl Bisping çaklaýar.
Guramanyň şöhratlar Zalynyň agzasy bilen ylalaşmazlyk kyn: kagyzda bu göreş hiç hili çişirilmesiz diňe bir ýeňil agram boýunça göreşiň taryhynda däl-de, eýsem, tutuş MMA-da beýik gapma-garşylygy bolup durýar.
Garaşylýan göreş 2019-njy ýylyň güýzüniň ahyrynda hakykata has ýakyn boldy. Ilki Bürgüt (Habib Nurmagomedow), soňra bolsa garşydaşy El-Kukuýa (Toni Fergýuson) göreş üçin şertnamanyň aşagynda öz gollaryny goýdular, HBS-de bolsa şertnamanyň ilkinji detallary ýaýrady. Ýagny, amerikan göreşijiniň gonorary çempionyňkydan birnäçe esse az bolar: $10 mln, degişlilikde, $1,4 mln-a garşy.
Konor Makgregordan üstün çykandan soň, Habibiň menejmenti öz müşderisine gowy ylalaşyk hödürleýär. Oňa görä, Nurmagomedowa töleg translýasiýalarynyň satuwynda uly prosent düşýärdi. Hem-de göreşlerden gelýän geometrik progressiýa bilen ösýän girdeji gelýärdi.
- Rafael Dos Anos - $64 müň.
- Edson Barboza - $210 müň
- El Ýakwinta - $500 müň
- Konor Makgregor - $2 mln
- Dastin Porýe - $6 mln
Ýazda Bürgüde sport ýolunda iň howply garşydaş bilen duşuşany üçin 10 million garaşýar. Şondan soň oňa tölegli translýasiýalaryň satuwyndan we mahabat şertnamalaryndan gazanylan puluň goşulmagy bilen bu bahanyň näderejede artjakdygyny diňe göz öňüne getiräýmek galýar.
Bu bolsa El-Kukuýanyň girdejili gapma-garşylygynyň bäşligi, olaryň iň ýokarysy hem ýeňilmedik rus türgeniniň geljekki göreşi üçin berilýän gonoraryndan hem üç esse diýen ýaly az:
- Rafael dos Anos - $168 müň
- Edson Barboza - $200 müň
- Entoni Pettis - $210 müň
- Donald Serrone - $230 müň
- Kewin Li - $530 müň

düýn 13:28
8.5k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...

düýn 13:21
4.7k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

düýn 13:17
7.4k+

Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi

Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär...

düýn 10:25
3.6k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi...