Aspirin rak keselinden ýogalmagyň öňüni almakda peýdaly bolup çykdy

  • 08.12.2019 09:08
  • 21k+

Journal of the American Medical Association makalasynda bellenilişine görä, barlagdan geçýänler bu dermany hepdede üç gezek kabul etdiler. Ähli meýletinçiler prostata, öýken, içege we beýleki organlarda rak keselli 65 ýaşdan uly näsaglardy. Eksperimentiň ahyrynda bu dermanyň kabul edilmeginiň dermany içmedikler bilen deňeşdirilende onkologiýadan ýogalmak howpuny 15% peseldendigi anyklanyldy. Koloraktal rak bilen hem-de iýmit siňdiriş organlarynyň onkologiýasy bilen kesellänleriň kategoriýasy has hem ýokary netijäni görkezdiler – 25% meýletinçi ölümden gutulmagy başardylar.
Merilendidäki ABŞ-nyň onkologiýa Milli institutyndaky işiň awtorlarynyň düşündirişine görä, olar, takmynan, 150 000 gatnaşyjynyň görkezijilerini hem-de olaryň soňky 12 ýylyň dowamyndaky kliniki kartinalaryny seljerdiler.
Barlagy alypbaryjy Holli Lumans-Kropp alymlar topary bilen birlikde artykmaç agramsyz näsaglarda hem iň gowy netijeleri bellediler. Meselem, bedeniň agramynyň 20-den pes indeks görkezijilerine eýe bolanlar rak keselinden ýogalma howpuny semiz adamlardan tapawutlylykda 62% peseltmegi başardylar. «Geljekde beden agramynyň indeksine rak keseliniň öňüni almakda aspiriniň netijeliligi bilen baglylykda üns bermeli bolar. Şonuň bilen birlikde-de, adamlaryň arasynda semreme meselesini hem göz öňünde tutmaly» – ol diýýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....