Elektromobiliň batareýini 10 minutda zarýaddan doldurmagyň usuly tapyldy

  • 04.12.2019 13:39
  • 4.1k+

Pensilwaniýa ştatynyň Uniwersitetiniň barlagçylary elektromobillerde ulanylýan litiý akkumulýator batareýlerini çalt zarýadlandyrmagyň usulyny oýlap tapdylar.
Akkumulýatora gysga wagtda uly göwrümli energiýany berip batareýi zarýaddan doldurmak usuly dogry däldir. Şeýle ýagdaýda akkumulýatoryň elektrodynda litiý gatlaklanyp başlaýar, bu bolsa batareýiň zaýalanmagyna getirýän howpdur.
Elektrodda litiýniň ýygnanmazlygy üçin, batareýi ýokary temperaturada 60 gradus tertipde zarýadlandyrmaly, şondan soň ony derrew sowatmaly. Şeýle ýagdaýda zarýadyň ýokary kuwwaty ýüze çykýar, proses bolsa 10 minuda çenli gysgalýar – şeýle zarýad ortaça 320-den 480 km-e çenli ýoly geçmäge ýetýär.
«Bu geljegiň ýňrelgesidir. Ony elektromobillere girizmek hökmandyr. Sebäbi tehnologiýa bellenilen nokada zarýad ýetmez diýen gorky meselesini çözmäge mümkinçilik berýär» – diýip, Pensilwaniýa ştatynyň Uniwersitetiniň professory Çao-Ýang Wang belleýär.
Şeýle şertleriň döredilmegi gyzdyryjy elementleriň akkumulýatoryň litiý böleginde ýerleşdirilmeginiň kömegi bilen mümkin boldy – şeýle element bolup nikel folgasy çykyş etdi. Bu barlagyň kömegi bilen barlagçylar batareýi 2500 gezek zarýadlamagy başardylar, şonuň bilen birlikde, ol özüniň başdaky sygymynyň bary-ýogy 8,3%-ni ýitirdi.
Barlagçylar zarýadyň 2500 sikliniň 750 000 km ýoly geçmeklige barabardygyny belleýärler. Şeýle görkeziji hasap bilen has hem özboluşly welin, ABŞ-nyň energetika ministrligi sygymyň 20 %-niň ýitgisi bilen zarýadyň 500 sikline norma goýdy.

düýn 19:05
3.9k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.7k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.5k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...