Ösümlik ýaglarynyň haýsysy has gowy?

  • 01.12.2019 23:57
  • 6.1k+

Zeýtun ýagy – bu sagdyn durmuş isleýän islendik adamyň rasionynda bolmaly deňi-taýy bolmadyk iýmitdir. Muňa garamazdan, kähalatlarda ähli ýaglaryň gowudygy ýa-da däldigi barada şübhe döreýär.
Gowurmak üçin haýsy ýaglar has gowy?
Eger-de siz bir zatlar gowurmak isleseňiz, onda ýag saýlan wagtyňyzda hut şol ýagda tüsse derejesiniň bardygyny göz öňünde tutmalydyr. Onuň häsiýetleri hökmany däl, sebäbi olar ýokary temperaturada ýitip gidýärler. Tüsse derejesi – bu ýagyň tüsse çykaryp başlaýan temperaturasy. Käbir ýaglar temperaturanyň ýokarlanmagy bilen öz tagamlaryny üýtgedýärler. Şonuň üçin arassalanan zeýtun ýagy – iýmiti gowurmak üçin ulanmakda iň gowusy.
Kokos ýagy.
Soňky birnäçe ýylyň içinde kokos ýagynyň has meşhur bolandygyna siz, belki, üns berensiňiz. Onuň tüsse derejesi organizme berýän iň gowy häsiýetleri bilen birlikde ýeterlik derejede ýokary. Ýöne onuň bahasy ýagyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende ýokary we käbir ýagdaýlarda ony tapmak hem kyn. Muňa garamazdan, köp adamlar bu ýagy tagam taýýarlamakda ulanmagy göwnejaý hasaplaýarlar.
Çig görnüşde haýsy ýagy ulanmak gowy?
Ýagy çig görnüşde ulanmazdan öň, gowusyny saýlar ýaly ilki bilen onuň häsiýetleri bilen tanyşmaly. Ýylylyk berilmezden içe kabul etmekde iň gowy ýag – bu extra virgin ýagy. Zeýtun ýagynyň ýokary hillisi bilen bir hatarda, kokos ýagy hem düzümindäki antioksidantlaryň köp mukdarynyň kömegi bilen çigligine içe kabul etmek üçin doly laýyk gelýär, antioksidantlar ýaşlygyňy we deriniň ýylmanaklygyny saklamaga kömek edýär, Omega-3 sagdyn ýagynyň bolmagy bolsa ony çig ýa-da pes temperaturada taýýarlamakda ulanmak üçin mümkinçilik berýär.
Ýagyň ýokary kaloriýaly önümdigi anyk zatdyr, şonuň üçin onuň kabul edilmegi normadan geçmeli däldir. Köp bolmadyk mukdarda kabul etmek olaryň organizme berýän ýokary hilli häsiýetleriniň kömegi bilen saglyk üçin diýseň peýdaly.

düýn 14:31
1.8k+

ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek bir hassa böwrek iki gezek oturdyldy

Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär...

28.02.2026 19:43
16k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

26.02.2026 12:35
5.2k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.7k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...