Telewizoryň ekranyny nädip arassalamaly?

  • 22.11.2019 05:11
  • 8.3k+

Ilki bilen telewizoryň ekranyny arassalamagyň näme üçin möhümdigini belläp geçeliň.
Telewizoryň ekranyny arassalamak nämä gerek? Tozan, hapa, ýagly tegmiller – bu Siziň telewizoryňyzyň duçar bolup biljek zatlarynyň bary-ýogy doly däl sanawy. Şu hapalaryň netijesinde olar özleriniň ýokary hilli häsiýetlerinden mahrum bolýarlar.
Ekranyň wagtynda arassalanmazlygy köp zatlaryň emele gelmegine we dargamaga, şeýle-de sudura seredeniňde, rahatsyzlyk döredýän şöhlelenmä getirip bilýär.
Öý şertlerinde telewizoryň ekranyny nädip ýuwmaly?
ŽK telewizorlarynda we belli plazmalarda ekran bir däl-de, birnäçe gatdan durýar. Şonuň bilen birlikde olaryň hersi daşky gurşawyň agressiw täsirlerine örän duýgur.
Biz telewizoryň ekranyny howpsuz, netijeli ýuwmagyň we arassalamagyň 3 usulyny saýladyk:
1.Ekranlar we monitorlar üçin çygly süpürgiçler
Çygly süpürgiçler ähli görnüşdäki ekranlar üçin uniwersaldyr. Olar ŽK ekranyndan we plazma telewizorlaryndan tozany çalt we hiç hili kynçylyksyz aýyrýarlar.
Eger-de siz “dargamadan” gorkýan bolsaňyz, onda plazma telewizorlaryny iki gezek arassalaň: derrew, gabyndan süpürgiji çykaran wagtyňyz we ol biraz gurandan soň. Iň gowy çözgüt – antistatik effektleri saklamak üçin çygly we gury süpürgijiň utgaşmasy. Çyg material hapany aýyrýar, gury bolsa çygy özüne çekýär we dargama ýol bermeýär.
2.Mikrofirbadan süpürgiç + ekranlar we monitorlar üçin arassalaýjy serişde
Süpürgiçler we esgiler diňe bir gurap galan suw damjalaryny we tozan bölejiklerini aýyrman, eýsem, ýag yzlaryny-da aýyrýar. Serişdäni şeýle süpürgije pürküň, Siz diňe tozany däl-de, ýag tegmillerini we beýleki hapalary kynçylyksyz aýryp bilersiňiz.
Bu ekrany arassalamagyň iň amatly serişdesi.
3.Ekranlara we monitorlara gözegçilik etmek üçin toplum
Ekrany arassalamak meselesini hemişelik çözmek üçin, ŽK telewizorlaryň we plazmalaryň monitorlary üçin Toplum satyn alyň. Onda ŽK telewizorlarynyň ekranyny arassalamak üçin gerekli zatlaryň ählisi bar! Aýratyn serişdeleri saýlamak gerek däl – hemmesi eýýäm toplumda.
Arassalaýjy serişdeler islendik telewizoryň, meselem Samsung-yň, Filips-iň we beýlekileriň ekranlarynyň hemmesine bolýar.
Telewizoryň ekranyny näme bilen arassalamak bolmaýar?
Köp ulanyjylar ýörite arassalaýjy serişdeleri satyn almakda tygşytlaýarlar we ekrany arassalamak üçin sabynly suwuklygy, adaty suwy we hatda uksus erginini peýdalanýarlar (şeýle maslahatlar ýygy-ýygydan duş gelýär).
Ýöne telewizor öndürijiler ulanyjylaryň başlangyjyny goldamaýarlar we barlag geçirmezligi maslahat berýärler, sebäbi tehnikanyň täze satyn alynmagy ýa-da düýpli dikeldiş arzan bolmaýar.
Telewizoryň ekranyny nädip arassalamaly: esasy usullar
1.Öýi ýygnap başlamazdan öň tehnikanyň simini rozetkadan aýryň. Telewizory işläp duran wagty ýuwmaň, sebäbi onda tegmilleri görmek kyn bolar, şeýle-de utgaşma bolup geçmegi mümkin.
2.Hapany hemişe aýratyn arassalaýjy serişde bilen aýryň, ýöne ony ýuwmazdan öň ilki bilen onuň instruksiýasy bilen tanyş boluň.
3.Arassalama wagtynda ekrana güýç bilen agram bermäň. Hapany we ýagy gazap aýyrmak ýa-da telewizory dyrnak, ýiti ýa-da gaty predmetler bilen gazalamak hökman däl. Ekran paneliniň örän näzikdigini ýatdan çykarmaň.
4.Arassalamak üçin ulanylýan ähli suwuk serişdeleri ekrana däl-de, esgä ýa-da süpürgije guýmaly. Material çyg bolmaly, ýöne suw matadan akyp durmaly däl.
5.Haçan-da siz ekrany süpüreniňizden soň, guraýança garaşyň we tehnikany göni ýakmaň.
6.ŽK enjamynyň wezipesini ýerine ýetirmegi üçin güýçli tozan gatlaklaryndan gaçar ýaly telewizory her aý arassalamaly.
Esasy zat tehnika sowatly idegiň onuň ulanyş möhletini uzaldýandygyny ýatdan çykarmaň.

düýn 15:08
3.7k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

düýn 13:52
3.6k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....