Güýzde keselden nädip goranmaly: möhüm maslahatlar

  • 21.11.2019 02:08
  • 3.9k+

Güýzde kesellemek aslynda tejribe taýdan laýyk hasaplanylýar, ýöne biz öz saglygyňa jogapkärli bolmaga we ýönekeýje bolup görünýän ýarawsyzlyga-da göz ýummazlyga çagyrýarys. Iň gowy usul lukmana görünmek we bedeniň ähli signallaryna üns bermek. Birden ýüze çykýan sowuklamany nädip anyklamaly we onuň beterleşmeginiň öňüni nädip almaly?
Birinji çäre
Eger-de keselländigiňizi duýsaňyz, ilki bilen “garry mamalarymyzyň usullaryndan” bejergi alyň: köpräk gyzgyn zat içiň, bal we ary baly, C witamini. Birnäçe günüň içinde ýagdaýyňyz gowulaşmasa, beterleşmegine garaşman, lukmana ýüz tutuň. Meseläni antibiotikler bilen çözmek pikirini aýryň: gürrüň wirusly infeksiýalar hakynda wagty, olar diňe kömek etmän, eýsem, uly zyýan hem ýetirip bilýärler. Bakteriýaly infeksiýada olar doly derejede organizme kömek edip bilerler. Ýöne keseliň görnüşini diňe hünärmen anyklap biler. Lukmanyň maslahaty bolmasa, şeýle serişdeleri peýdalanmaly däl, çünki mikroflora zyýan ýetirmek howpy ýokary.
Esasy alamatlar
Aşakda getirilen sanawa göz aýlaň, eger-de sanalyp geçilen punktlaryň köpüsinde hyýalyňyzda “bellik” goýup giden bolsaňyz, hassahana gitmegi gijä goýmaň:
- Ysgynsyzlyk, ýarawsyzlyk, çalt ýadamaklyk, endamyňda agyry;
- Kelle agyrysy;
- Burnuň dykylmagy;
- Kelle, diş we göz agyrylaryna geçýän seňrik agyry;
- Boýun we eňek asty limfatik düwünleriň artmagy;
- Ýuwutma wagtynda bokurdakda güýçli agyrynyň bolmagy;
- Bokurdakda awuşatma we gurulyk;
- Dowamly üsgülewük;
Bu sanalan alamatlar gaýmorit, tonzilit, faringit, bronhit ýaly we saglyk üçin howply bolan beýleki düýpli kesellerden habar berip biler.
Öňüni alyş
Eger-de siz sanjymlaryň “duşmany” däl bolsaňyz, onda güýz möwsüminde waksina sanjymlary barada pikir etmek gerek. Şeýle-de terapewte, allergologa, newrologa we psihoterapewta görünmeli, çünki güýzde we gyşyň başlarynda biziň psihikamyz üçin kyn wagt bolýar, biziň organizmiziň ýagdaýy hem şoňa baglydyr.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....