Tizligini 400 km/sag çenli artdyrýan elektromobil seriýaly önümçilige goýberildi

  • 20.11.2019 06:02
  • 2.8k+

Aspark ýapon kompaniýasy kuwwatlylygy 2040 at güýjüne barabar bolan elektrik, güýçli gurluşly Owl giperkaryň gutarnykly wersiýasyny hödürledi.
Aspark kompaniýasynyň inženerleri taslamanyň üstünde ýedi ýyl töweregi işlediler. Agramy 1460 kg bolan awtomobiliň esasynda turba görnüşli karkas we has berk materiallardan edilen kuzow paneli durýar. Owl 2040 at güýjüni berýän dört sany elektrik motor bilen üpjün edilen.
Öndüriji özüniň işini dünýäde iň kuwwatly seriýaly awtomobil diýip atlandyrýar. Bu hakykata golaý, sebäbi mysal üçin alanymyzda, ýakyn bäsdeşiň agregaty Lotus Evija 40 at güýji pes görkezýär.
Bugatti Chiron ýerinden 100 km/sag çenli 2,5 sekundyň içinde güýjüni artdyrýar.
300 km/sag çenli Aspark Owl 10,6 sekundyň içinde güýjüni çaltlandyrýar, elektromobiliň iň ýokary tizligi 400 km/sag ýetýär.
Ýaponlar şeýle awtomobilleriň jemi 50 sanysyny çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Ilkinji elektrik giperkarlar müşderilere 2020-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli gowşar.

düýn 19:05
3.9k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.7k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.5k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...