Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer bölekleri berler

  • 18.11.2019 11:07
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet edaralaryna we kärhanalaryna hem-de TSTB-niň agzalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky Buýrugyň taslamasy ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Döwlet toparlarynyň agzalary tarapyndan seljerilip taýýarlanyldy. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de önümçilik desgalaryny gurmak üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek göz öňünde tutulýar.
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinň barşynda, şeýle hem döwlet Baştutnany oba hojalyk pudagynyň öňünde birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.
Birinjiden, bugdaý ekilýän meýdanlaryň möçberini azaldyp, gowaça meýdanlaryny artdyrmak barada karara gelindi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ilatymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Ikinji mesele — oba hojalygynda işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmeli hem-de döwletiň ornuny azaltmaly. Üçünji mesele — tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy üpjün etmeli. Daşky gurşawy goramaga aýratyn üns bermeli.
Dördünji mesele oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk bilimini we ylmyny mundan beýläk-de ösdürmelidigini, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmelidigini belledi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......